Ary­la­ryň al­ty­burç­luk gör­nüş­li öý­jük­le­ri­niň kä­mil “in­že­ner­çi­lik” des­ga­sy­dy­gy köp ýyl­lar­dan bä­ri alym­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çe­kip gel­ýär. Se­bä­bi ary­lar iň az ma­te­ria­ly ula­nyp, iň berk bi­na­ny gur­ýar­lar. Tä­sin geo­met­rik şe­kil­li ary öý­jük­le­ri ba­ra­da hä­zi­re çen­li on­lar­ça yl­my-iş­ler ge­çi­ril­di. Te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji­ler ary­la­ryň öý­le­ri ba­ra­da tä­ze açyş et­di­ler. Go­laý­da ge­çi­ri­len ýe­ne bir bar­lag­da Awst­ra­li­ýa­da ýa­şa­ýan “Tet­ra­go­nu­la car­bo­na­ria” at­ly ary­la­ryň top­lan ba­ly­ny üzüm sal­ky­my­na meň­zeş ça­nak­lar­da, ça­ga­la­ry­ny bol­sa spi­ral gör­nüş­li öý­jük­ler­de sak­la­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Bu ary­la­ryň bi­ri-bi­ri­ne sep­leş­di­ri­len ýüz­ler­çe öý­jük­den eme­le ge­len mer­di­wan şe­kil­li öý­le­ri gur­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Awst­ra­li­ýa­nyň Mil­li yl­my-bar­lag­lar eda­ra­sy­nyň mör-mö­jek­le­ri öw­re­ni­ji aly­my, dok­tor Tim Heard ary­la­ryň il­ki bir öý­jü­gi ýa­sa­ýan­dy­gy­ny, soň­ra aý­law­ly gör­nüş­de tä­ze­le­ri­niň oňa sep­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni anyk­la­dy. Soň­ra öý­jü­giň üç­den iki­si bal bi­len dol­du­ryl­ýar. Aý­law­ly öý­ler sa­gat di­li­niň ug­ru­na-da, ter­si­ne-de, hat­da iki­si bir wagt­da-da bir ke­tek­de ga­bat gel­ýär. Olar “gur­lu­şyk ma­te­ria­ly” hök­mün­de ösüm­lik­le­riň şep­bi­gin­den we mum­dan peý­da­lan­ýarlar. Ýa­ba­ny bal ary­la­ryň bir gör­nü­şi bo­lan bu jan­dar­lar beý­le­ki­ler­den ta­pa­wut­ly­lyk­da az bal ýa­sa­ýar.