Ýaz paslynyň gelmegi bilen dag eteklerinde, ýaýlalarda al-elwan gülälekler,
melewşe jümjümeler, sary gülli süýtleňňiçler peýda bolup, gözel görke bürenýär.
Gülälekli meýdana çykanyňda göwnüň göterilip, şatlyk duýgusyny başdan geçireniňi
duýman galýarsyň. Eýsem, gülälekler nähili ösümlikkä?!
Gülälek (Papaver pavoninum) dünýäniň dürli ýurtlaryna ýaýran birýyllyk ösümlik bolup, ýurdumyzda onuň 5 görnüşi bar. Ýaz paslynyň gelmegi bilen dagdyr-baýyrlarymyzy bezeýän bu gülleriň boýy 25-60 sm aralygynda bolýar. Baldagy dik, şahalanan, çitenekli-tüýlüje. Ýapraklary mawumtyl ýaşyl bolan bu ösümligiň gülleriniň reňki bolsa ýiti gyzyl bolýar. Tohumy örän ownuk, çal reňkli. Şeýle-de, olaryň gülleri sarymtyl, narynç ýaly reňklerde hem bolup bilýär. Ösümlik ýagtylygy we ýylylygy halaýar. Çägesöw ýa-da toýunsow-çägeli topraklarda ösýär. Tohumy arkaly köpelýän ösümlik aprel-maý aýlarynda gülleýär. Ir bilen arylar we beýleki möjejikler gülälegiň güllerine gonýarlar. Gülälegiň ýapraklarynda käbir kislotalar hem bar. Gülälegiň tohumyndan we gülünden peýdalanylýar. Gülälek 40-a golaý keseliň melhemi hökmünde ulanylýar. Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bir goşgusyndaky:
“Hozuň daş gabygyn, gülälek suwun,
Garyp saça çalsaň, gara reň bolar”
diýen setirleri bu ösümligiň boýag almak üçin hem irki döwürlerden bäri peýdalanylandygyny görkezýär.
Arzuw Hojagulyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.