Şar ýarylsa bat­ly ses çy­kar­ýar. Ony çi­şi­rip dur­ka­ňyz ýa­ryl­sa, gork­ýa­ňyz­my? Me­ge­rem, gork­ma­ýan ýok bol­sa ge­rek. Nä­me üçin şar ýa­ry­lan­da güýç­li ses çy­kar­ýar? Il­ki ga­lyň bol­ýan şar çi­şi­ril­di­gice ýu­kal­ýar. Eý­sem, iň­ňe çüm­dü­ri­len­de hem ýa­ryl­ma­ýan şar gör­dü­ňiz­mi? Ge­liň, mu­ny tej­ri­be ar­ka­ly barlap gö­re­liň!
Gerekli esbaplar: Şar, iňňe, inli skoç.
Şary or­ta ulu­lyk­da çi­şi­riň! Ag­zy­ny da­ňyň! Bir bö­lek sko­jy ke­sip, şa­ra berk­je ýel­mäň! Soň­ra bol­sa iň­ňä­ni skoç­ly ýe­re çüm­dü­riň! Adat­ça, haý­sy­dyr bir ýi­ti zat de­ge­nin­de şar güýç­li ses bi­len ýa­ryl­ýar. Em­ma sko­jyň üs­tün­den çüm­dü­ri­len­de iň­ňä­niň şa­ry ýar­ma­ýan­dy­gy­ny gö­rer­si­ňiz!
Netije: içindäki ho­wa şa­ry da­şa­ryk it­ýär. Şar hem için­dä­ki ho­wa­ny gys­ýar. Şeý­le­lik­de, şar dar­ty­lyp dur­ýar. Onuň de­şil­me­gi bi­len için­dä­ki ho­wa şa­ry ýyr­typ, bat bi­len da­şa­ryk çyk­ýar. Gys­ga wagt­da bo­lup geç­ýän bu ha­dy­sa ho­wa­da yr­gyl­dy eme­le ge­ti­rip, güýç­li ses çy­kar­ýar. Em­ma şa­ryň skoç­ly ýe­rin­den iň­ňe çüm­dü­ri­len­de, için­dä­ki ba­syş güýji şa­ry ýyr­typ bil­me­ýär. Se­bä­bi, skoç berk bo­lan­soň, onuň ýyr­tyl­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar. Şar ýyr­tyl­ma­sa-da, az sa­lym­dan için­dä­ki ho­wa çy­kyp, pys­sar­ýar.
Dürli ulag­la­ryň ti­gir­le­rin­de, fut­bol we wo­leý­bol top­la­ry­nyň için­de hem şeý­le ba­syş­ly ho­wa bol­ýar. Üns be­ren bol­sa­ňyz, aw­tou­la­gyň ti­gir­le­ri­ne ýel ber­len­de onuň ba­sy­şy hem öl­çen­ýär. Aşa köp ýel be­ril­se, ýag­ny tig­riň içi­ne has köp ho­wa goý­be­ril­se, için­dä­ki ba­syş kö­pe­lip, ýa­ryl­ma­gy müm­kin.