1991-nji ýylyň 23-nji awgustynda Tim Berners-Liniň internetiň (World Wide Web) tehnologiýasyny döretmegi bilen internet halk köpçüligine elýeterli edilýär. Şol gün internetiň döredilen güni hökmünde bellenip geçilýär. Häzirki wagtda hemmeler üçin elýeterli bolan WWW tehnologiýasy Ýewropanyň CERN fiziki laboratoriýasynyň hünärmeni Tim Berners-Li tarapyndan oýlanyp tapylýar. Beýleki açyşlardan tapawutlylykda, bütin dünýäniň ösüşine täsir eden bu tehnologiýa diňe bir hünärmen tarapyndan esaslandyrylyp, hut şonuň tagallasy bilenem internet ulgamynyň aýry-aýry pudaklaryň wekillerine däl-de, eýsem, dünýäniň ähli ýurdundaky ähli adamlara elýeterli bolmagy gazanylýar. Häzirki wagtda aragatnaşygyň beýleki görnüşleriniň hem görnetin aňsatlaşmagyna we arzanlamagyna getiren hyzmatlaryň biri bolan interneti Tim Berners-Li kompýuter dilini oýlap tapmak bilen döredýär. Onuň döreden Baý Tekst Alamat Dili (Hyper Text Markup Language/HTML) atly kompýuter dili ilki CERN laboratoriýasyndaky fizikleriň ylmy barlaglarynyň netijelerini aňsatlyk bilen beýlekilere ugratmaga mümkinçilik döredipdir. Bu programma 1989-njy ýylyň 13-nji martynda ulanylyp başlanýar. Bu laboratoriýada döredilensoň, ilkinji internet saýty hem 1991-nji ýylda şol ýerde emele gelýär. Şeýlelikde, fizikada ABŞ-nyň we ozalky Sowet Soýuzynyň ýeten derejesine ýetmek maksady bilen döredilen äpet CERN laboratoriýasynyň döreden hyzmaty tutuş dünýä ýaýradylýar.
Internetiň döredilen ilkinji ýyllarynda “http://” harplary doly ýazylmasa degişli sahypa girip bolmaýardy.
Häzirki wagtda ulanylýan ähli programmalar “http://www.” ýazgysyny salga awtomat usulda goşup bilýär.
Ilkinji nobatda ylym-bilim edaralary tarapyndan peýdalanylan internet 1990-njy ýylyň ortalaryndan başlap, halk köpçüligi tarapyndan giňden ulanylyp başlanýar.