Eger su­wuň dü­zü­min­dä­ki bak­te­ri­ýa­la­ry te­bi­gy usul­da aras­sa­la­mak is­le­se­ňiz, ony aý­na gap­da Gün şöh­le­si­niň düş­ýän ýe­rin­de goý­mak ýe­ter­lik­dir. Bu usul ar­ka­ly su­wuň dü­zü­min­dä­ki bak­te­ri­ýa­lar 6-48 sa­gat ara­ly­gyn­da öl­ýär. ABŞ-nyň Ener­gi­ýa mi­nistr­li­gi SLAC la­bo­ra­to­ri­ýa­sy we Stan­ford uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri­niň iş­läp taý­ýar­lan usu­ly bu işi has gys­ga wagt­da ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ada­myň ba­şam bar­ma­gy ýa­ly­rak ulu­lyk­da dört­burç en­jam bir çüý­şe­dä­ki su­wuň dü­zü­min­dä­ki bak­te­ri­ýa­la­ryň 99,999 gö­te­ri­mi­ni 20 mi­nut­da aras­sa­la­ýar. Na­no­teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­nyp ýa­sa­lan en­ja­myň da­şy ýu­ka­jyk mis bi­len ör­tü­lip­dir. Hü­när­men­ler bu usu­lyň su­wuň dü­zü­min­dä­ki di­ňe bak­te­ri­ýa­la­ry aras­sa­la­ýan­dy­gy­ny, beý­le­ki ga­ty bö­le­jik­le­re we hi­mi­ki ele­ment­le­re tä­si­ri­niň ýok­du­gy­na ünsi çekýärler.