Ýa­po­ni­ýa­nyň «Mit­su­bis­hi Che­mical» kor­po­ra­si­ýa­sy suw­da doly dar­ga­ýan plas­tik tor­ba­lary ön­dür­di. Bu ba­ra­da Ýa­po­ni­ýa­nyň te­le­ýaý­ly­my ha­bar ber­di. Gur­lu­şy bo­ýun­ça ada­ty po­lie­ti­len­den ta­pa­wu­dy bolmadyk torbalar, esa­san, gant şu­gun­dy­ry­ndan alnan ýö­ri­te ma­te­ri­al­dan ýa­sa­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hünärmenleriniň aýt­ma­gy­na gö­rä, şeý­le tor­ba­lar bir ýy­lyň do­wa­myn­da de­ňiz suw­la­ryn­da dar­gap gid­ýär.
«Mit­su­bis­hi Che­mical» kor­po­ra­si­ýa­synyň hünärmenleri bu iş­läp dü­zü­len önüm­çi­li­giň de­ňiz­ler­de we um­man­lar­da plas­tik ga­lyn­dy­la­ry azalt­mak ug­run­da­ky gö­reş­de kö­mek et­jek­di­gi­ne ynan­ýarlar. Kom­pa­ni­ýa hä­zir­ki wagt­da mil­li kom­pa­ni­ýa­lar bi­len hyz­mat­daş­lyk­da şeý­le hal­ta­la­ry köp­çü­lik­le­ýin ön­dür­mä­ge taý­ýar­lan­ýar.
BMG-niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Ýer ýü­zün­de her ýyl tak­my­nan 300 mil­li­on ton­na plas­tik ga­lyn­dy eme­le gel­ýär. Bu muk­da­ryň tak­my­nan 8 mil­li­on ton­na­sy dün­ýä um­ma­ny­na gid­ýär. Olar şol ýer­de ba­lyk­lar, mol­ýus­ka­lar we de­ňiz jan­dar­la­ry ta­ra­pyn­dan ýu­wu­dyl­ýan mik­rop­las­tik gör­nü­şe öw­rül­ýär. Ýa­po­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti 2050-nji ýy­la çen­li ýur­duň çä­gin­dä­ki um­man­la­ra plas­tik ga­lyn­dy­la­ryň zy­ňyl­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin de­giş­li iş­le­ri ge­çir­ýär.