Pa­kis­ta­nyň BMG-dä­ki he­mi­şe­lik we­ki­li Mu­nir Ak­ram BMG-niň Yk­dy­sa­dy we so­si­al ge­ňe­şi­niň (ECOSOC) tä­ze baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Ol dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ra, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na we Pa­riž ho­wa şert­na­ma­sy­na ün­sü­ni gö­nük­dir­jek­di­gi­ni aýt­dy. Uk­rai­na­nyň BMG-dä­ki he­mi­şe­lik we­ki­li Ser­geý Kis­li­sa bol­sa onuň orun­ba­sa­ry bol­dy. EKO­SOS-yň esa­sy we­zi­pe­si, hal­ka­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­k ar­ka­ly adam­la­ryň dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.
– Öň­de du­ran me­ýil­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek hiç ha­çan hem hä­zir­ki ýa­ly çyl­şy­rym­ly bol­man­dy. EKO­SOS hä­zir­ki eme­le ge­len ýag­daý­lar­dan baş alyp çyk­mak we Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin ös­ýän ýurt­la­ra ze­rur ma­ýa goýum­la­ry­ny gö­nük­dir­mek mak­sa­dy bi­len ut­gaş­dy­ry­lan çe­me­leş­me­le­ri dö­ret­mä­ge ýar­dam ber­me­li­dir – di­ýip, Mu­nir Ak­ram aýt­dy.
Mu­nir Ak­ram in­di ikin­ji ge­zek EKO­SOS-yň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne gi­riş­ýär. Ol mun­dan öň, 2005-nji ýyl­da bu eda­ra ýol­baş­çy­lyk edip­di.
Düz­gün­na­ma la­ýyk­lyk­da, EKO­SOS Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň esa­sy eda­ra­la­ry­nyň 6-sy­nyň bi­ri­dir. Ol yk­dy­sa­dy we jem­gy­ýet­çi­lik, şeý­le hem sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet we bi­lim ugur­la­ryn­da hal­ka­ra me­se­le­le­ri­niň çö­zül­me­gi­ne go­şant goş­ýar. EKO­SOS 1945-nji ýyl­da dö­re­dil­di. Onuň il­kin­ji ses­si­ýa­sy 1946-njy ýy­lyň 23-nji ýan­wa­ryn­dan 18-nji few­ra­ly ara­ly­gyn­da Lon­don­da ge­çi­ril­di. Şon­da Ge­ňe­şe BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan saý­la­nan 18 döw­let gir­ýär­di. Hä­zir­ki wagt­da EKO­SOS-yň dü­zü­min­de 54 döw­let bar. Olar­dan 18-si her ýyl üç ýyl möh­let bi­len saý­lan­ýar. Ge­ňeş­den gid­ýän ag­za der­rew gaý­ta­dan saý­la­nyp bil­ner. Ge­ňeş­dä­ki orun­lar ge­og­ra­fi­k we­kil­çi­lik ýö­rel­ge­si­ne esas­la­nyp paý­la­nyl­ýar. Af­ri­ka döw­let­le­ri­ne 14, Azi­ýa döw­le­tleri­ne 11, Gün­do­gar Ýew­ro­pa döw­le­tleri­ne 6, La­tyn Ame­ri­ka­sy we Ka­rib deň­zi ýurt­la­ry­na 10, Gün­ba­tar Ýew­ro­pa we beý­le­ki döw­let­le­re 13 orun bölünip berilýär.