«Bugatti» kompaniýasynyň geçen ýylyň Ženewa halkara awtoulag sergisinde tanyşdyran «Baby Bugatti II» modeliniň önümçiligine başlandy. Bary-ýogy 500 sanysy öndüriljek kiçi göwrümli ulag 1920-nji ýyllarda öndürilen ýaryş awtoulagy «1924 Type 35»-iň ¾ ululygyndaky görnüşidir. Çagalara niýetlenen täsin ulagyň jemi üç görnüşi bar. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyň ýönekeý modeliniň 1,4 kW/sagat kuwwatly batareýasy bar. «Vitesse» atly «ortanjy» modeli bolsa, ýeňil materiallardan öndürilip, 2,8 kW/sagat batareýasy arkaly has kuwwatly bolmagy bilen tapawutlanýar. Iň güýçli modeli bolan «Pur Sang» bolsa, «Vitesse» bilen deňeçer kuwwatly bolup, gabarasy alýuminden ýasalypdyr. Fransuz kompaniýasy bu gabarany ýasamak üçin ulanylan usullaryň «Type 35»-däki bilen meňzeşdigini we her bir gabarany ýasamak üçin 200 sagatdan gowrak wagtyň sarp edilendigini belleýär. Hereketlendirijisi yz tarapynda oturdylan her bir modelde gidrawlik duruzyjy, dürli sürüş modlary (kiçi we has ulurak çagalar üçin) bar. Modelleriň ikisiniň sagatdaky tizligi 70 kilometre ýetýär. Sürüjiniň agramyna baglylykda 0-60 kilometr tizlige ortaça 6 sekuntda ýetýär. 33 müň dollardan satuwa çykarylan ulag bir gezekki zarýady bilen 25 kilometr ýol geçýär. Ulagyň daşy fransuz brendiniň ýaryş ulaglaryndaky ýaly gök reňkli bolar. Emma müşderileriň islendik reňklisini hem öňünden sargyt edip biljekdigi aýdylýar.