Geçen ýyl wezipä bellenen Finlýandiýanyň Premýer-ministri Sanna Marin durmuşa çykdy. Ýurduň hökümetiniň resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, toý dabarasy Kesaranta atly hökümet binasynda geçirildi. Toý dabarasyna 40 myhman gatnaşdy. Finlýandiýanyň Premýer-ministri toý suratlaryny özüniň Instagram akkaundynda ýaýratdy.
1985-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Helsinkide dünýä inen Marin 2004-nji ýylda orta mekdebi, 2017-nji ýylda ýokary okuw mekdebini tamamlady.Ol 2012-nji ýylda Tampere şäheriniň ýerli häkimiýetiniň mejlisiniň agzalygyna saýlandy. 2013-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli bolsa, şol ýerli mejlisiň başlygy boldy. 2015-nji ýylda Finlandiýanyň Milli parlamentiniň deputatlygyna saýlandy. Dört ýyldan soňra bu wezipä ikinji möhlete saýlandy. 2019-njy ýylda ulag we aragatnaşyk ministri wezipesine bellendi. Geçen ýylyň ahyrynda Finlýandiýanyň Sosial-demokrat partiýasy Sanna Marini hökümet başlygy wezipesine teklip etdi. Milli Parlamentiň tassyklamagy bilen Sanna Marini dünýäniň iň ýaş hökümet başlygy bolupdy. Şeýle hem Marin ýurtda bu wezipä saýlanan üçünji zenan bolupdy.