Türkmenistan dünýä habarlar giňişligine işjeň aralaşýar. Ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryndan peýdalanmagy ugrunda giň tagallalar edilýär. Bu maksatlaýyn wezipelere laýyklykda, Daşary işler ministrligi degişli işleri alyp barmak we dünýä maglumatlar giňişligindäki ornuny giňeltmek arkaly öz işiniň elektron görnüşini güýçlendirýär.

Golaýda, Daşary işler ministrliginiň Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini, milli Liderimiziň amala aşyrýan üstünlikli syýasatyny giňden ýaýmaga, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny dessin beýan etmäge gönükdirilen web-serişdelerinde täze üýtgetmeleriň birbada birnäçesi girizildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan «www.neutrality.gov.tm» resmi saýtynda hormatly Prezidentimiziň eserleriniň elektron kitaphanasy açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň eserleriniň bu ýygyndysy gyzyklanma bildirýän okyjylaryň bilimini artdyrar, ylmy işgärler, sosiologlar we syýasatçylar üçin möhüm gollanma bolar. Milli Liderimiz öz eserlerinde türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny, däp-dessurlaryň köpdürlüligini, milli mirasymyzyň mizemez ähmiýetini halkymyzyň şöhratly taryhynyň köp gatly sahypalaryny hem-de Türkmenistanda syýasatda, ykdysadyýetde, ynsanperwer gatnaşyklarynda amala aşyrylýan özgertmeleriň hem-de maksatnamalaryň mazmunyny açyp görkezýär.

Indi bularyň ählisi ägirt uly dünýä onlaýn auditoriýasyna elýeterlidir — elektron kitaphanasynda döwlet Baştutanymyzyň türkmen dilindäkiden başga-da, dünýä dilleriniň 20-den gowragyna terjime edilen kitaplaryny okamak bolýar. Özi-de kitaplar bu ýerde 3D görnüşinde hödürlenilýär, okalýan wagtynda bolsa ugurdaş ses şekil bilen utgaşýar.