ABŞ-nyň Nýu-Gemp­şir şta­ty uç­ýan aw­tou­lag­la­ra rug­sat­na­ma be­ren il­kin­ji ştat bol­dy. Şta­tyň gi­ri­zen düz­gün­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, ulag se­riş­de­le­ri­niň eýe­le­ri ho­wa men­zil­le­ri­ne ge­lip, şol ýer­den hem is­län ýe­ri­ne uçup bil­er­ler. Bu ulag­la­ra ada­ty ulag bel­gi­le­ri ber­ler. Ýö­ne en­tek köp­çü­li­giň ulan­ýan aw­to­ýol­la­ryn­dan uç­ma­ga hem-de gon­ma­ga rug­sat be­ril­me­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da bu ugur­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­ny hem yzy­gi­der­li kö­pel­ýär. Şeýle ulag­la­ry­ satuwa çykarmaga taý­ýar­lan­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň il­kin­ji­si «PAL-V» şe­re­ke­ti­dir. Bu kom­pa­ni­ýa 2018-nji ýyl­da Že­ne­wa­da­ky aw­tou­lag ser­gi­sin­de «PAL-V Li­ber­ty» atly uç­ýan ula­gy­ny ta­nyş­dy­ryp­dy. Şon­da bu ula­gyň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­ne gi­ri­şil­jek­di­gi hem mä­lim edi­lip­di. Bu ula­gy ýerde he­re­ket et­dir­mek üçin 100 at güý­jün­dä­ki he­re­ket­len­di­ri­ji ula­nyl­ýan bol­sa, ho­wa­da onuň he­re­ket­len­di­ri­ji­si­niň kuw­wa­ty 200 at güý­jü­ne ba­ra­bar­dyr.
Aw­tou­la­gy uça­ra öwür­mek üçin 5-10 mi­nut ge­rek bol­ýar. «PAL-V Li­ber­ty» ula­gy­nyň uç­ma­gy üçin 180 metr­lik er­kin gi­ňiş­lik ze­rur bo­lup dur­ýar. Göw­rü­mi 100 lit­re deň bo­lan ýan­gyç ba­gy bi­len 160 ki­lo­metr–sa­gat­ tizlik bilen hereket edip, 400-500 ki­lo­metr men­zil geç­mek müm­kin. Ula­gy do­lan­dyr­mak üçin di­ňe bir sü­rü­ji­lik şa­ha­dat­na­ma­sy ýe­ter­lik däl, eý­sem, di­ku­çar dolandyrmak üçin niýetlenen şa­ha­dat­na­ma­sy­ny hem al­mak ge­rek. Bu uç­ýan ula­gyň ba­ha­sy 299 müň ýew­ro deň bo­lup, hä­zir­lik­çe di­ňe sar­gytlar ka­bul edil­ýär.