Şu ýy­lyň de­kabr aýyn­da Rus­si­ýa­nyň il­kin­ji elektrik to­gy bi­len iş­le­ýän ula­gy halk köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ri­ler. Onuň yzy­gi­der­li önüm­çi­li­gi­ni 2019-njy ýy­lyň de­kab­ryn­dan 2020-nji ýy­lyň de­kab­ry­na süý­şür­me­li bol­dy. «Zet­ta» at­ly ula­gyň önüm­çi­li­gi üçin goş­ma­ça ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­niň bö­lü­nip be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ba­ra­da Rus­si­ýa­nyň Söw­da we se­na­gat mi­nist­ri De­nis Man­tu­row ha­bar ber­di.
Goş­ma­ça ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­niň bö­lü­nip be­ril­me­gi bi­len bu ula­gyň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­ne gi­ri­ş­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
– Şu gü­ne çen­li aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si­niň ýag­da­ýy­ny kes­git­le­ýän WMI ko­dy alyn­dy, önüm­çi­lik­den öň­ki elekt­rik ul­gam­la­ry ýyg­nan­dy, aw­tou­lag ser­ti­fi­ka­ty­nyň tap­gy­ry­nyň 70 gö­te­ri­mi ta­mam­lan­dy. Ýyg­na­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär. Tak­my­nan 100 mil­li­on rubl goş­ma­ça ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri ge­rek. Se­na­gat ösüş gaz­na­sy­nyň bi­ler­men­ler ge­ňe­şi­niň mej­li­si beý­le­ki me­se­le­ler bi­len bir ha­tar­da bu me­se­lä hem se­re­der. Äh­li ser­ti­fi­kat­laş­dyr­mak amal­la­ry ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ta­mam­la­nar we ýy­lyň ahy­ryn­da köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­ge baş­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýä­ris – di­ýip, mi­nistr bel­läp geç­di.
«Zet­ta» (aw­tou­lag köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­ge baş­la­sa) il­kin­ji rus elekt­rik aw­tou­la­gy bo­lar. Di­ňe iki ýo­lag­çy üçin ni­ýet­le­nen bu ula­gyň iň ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 120 ki­lo­met­re deň bo­lar. Aw­tou­la­gyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy onuň ba­ha­sy­dyr. Onuň ba­ha­sy­nyň tak­my­nan 450 müň rubl bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, Rus­si­ýa­da yk­jam elekt­rik ulag­la­ry­nyň bu gör­nü­şi­niň ýyl­da 15 mü­ňe çen­lisini sat­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.