Hytaýyň marsohody «Tianwen-1» («Asmana sowallar») diýlip atlandyrylýar. Bu takmynan biziň eýýamymyzdan öň 340-278-nji ýyllarda ýaşan Hytaýyň iň beýik şahyrlaryndan biri bolan Sýuý Ýuanyň poemasynyň adydyr. Bu ady saýlamak boýunça bäsleşik 2016-njy ýylyň awgust aýynyň ahyrynda başlanyp, ýeňiji ýörite eminler toparynyň 36 müňe golaý teklibi seljermegi hem-de onlaýn ses bermek arkaly kesgitlenildi. Hytaýyň milli kosmos dolandyryş gullugy (CNSA) beýleki planetalary öwrenmek boýunça öňümizdäki ähli missiýalara «Tianwen» adyny dakjakdygyny mälim etdi.
23-nji iýulda Hytaýyň günortasyndaky Haýnan adasyndaky Wençan kosmodromyndan «Çançžen-5» raketa-göterijisi arkaly marsohod asman giňişligine uçuryldy. Ol Marsyň Utopiýa düzlügine 2021-nji ýylyň fewral aýynda baryp ýeter.
NASA-nyň maksatnamasy ýaly, Hytaýyň bu missiýasynyň hem esasy wezipeleriniň biri Marsda ýaşaýyş yzlaryny tapmak, şeýle hem geljekde planetadaky atmosferanyň ýaşamak üçin amatly bolup bolmajakdygyny öwrenmekden ybaratdyr. Hytaý bu marsohody uçurmak bilen kosmos giňişligini öwrenmekde esasy bäsdeşleriniň biri bolan ABŞ bilen bäsdeşligini has ýokary sepgitlere ýetirdi.
«Tianwen-1» missiýasy Amerikanyň missiýasyndan has tapawutlydyr: ol diňe bir ylmy-barlag enjamy Marsa eltmek bilen çäklenmän, eýsem, kameralary we radarlary ulanyp, orbitada aýlanjak orbita enjamy hem bu planeta alyp barar. Hytaýyň marsohody Amerikanyň kosmos enjamyndan ýeňil bolup, 200 kilograma deňdir.