NA­SA eda­ra­sy­nyň mar­so­ho­dy «Per­severance» («Tu­tan­ýer­li­lik») diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Mu­nuň üçin Ame­ri­ka­nyň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ýö­ri­te bäs­le­şik ge­çi­ril­di. «Kos­mos gä­mi­si üçin at pi­kir­len» at­ly bäs­le­şi­ge 28 müň tek­lip gel­di. Şo­nuň ara­syn­da «Tu­tan­ýer­li­lik» ady saý­la­nyp alyn­dy. Bu tek­lip 7-nji syn­pyň okuw­çy­sy Alek­sandr Ma­ze­re de­giş­li­dir. Ol we onuň maş­ga­la­sy 30-njy iýul­da bu mar­so­ho­dyň uçu­ry­lyş da­ba­ra­sy­na Ka­na­we­ral bur­nun­dan to­ma­şa et­mek müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bol­dy.
Şeý­le­lik­de, bu mar­so­hod Gy­zyl pla­ne­ta 2021-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da ba­rar. Ol Mars ek­wa­to­ry­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Je­ze­ro kra­te­ri­ne gon­du­ry­lar. Eks­pe­di­si­ýa­nyň esa­sy we­zi­pe­si Mars­da ýa­şaý­şyň bar­dy­gy­ny ýa-da ýok­du­gy­ny anyk­la­mak we gel­jek­de pla­ne­ta­da­ky at­mos­fe­ra­nyň üýt­gäp bil­jek­di­gi­ne ýa-da adam­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin amat­ly bo­lup-bol­ma­ýan­dy­gy­ny öw­ren­mek­den yba­rat­dyr.
NA­SA eda­ra­sy bu mis­si­ýa­sy­nyň mak­sat­la­ry ba­ra­da du­rup ge­çip, «Tu­tan­ýer­li­lik» at­ly mar­so­ho­dy­nyň bu pla­ne­ta­da su­wuň göz­le­gi­ne çyk­jak­dy­gy­ny, şo­nuň üçin Je­ze­ro kra­te­ri se­bi­tiniň onuň gon­jak ýe­ri hökmünde saý­la­nyp al­nan­dy­gy, bu kra­te­riň gu­ran der­ýa­nyň ke­na­ryn­da ýer­leş­ýän­di­gi bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
23 ka­me­ra­ny öz içi­ne al­ýan iň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan bu kos­mos ula­gy 1043 ki­log­ra­ma deň­dir. Ol Mars­da ga­dy­my dur­mu­şyň ala­mat­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan daş we top­rak nus­ga­la­ry­ny ýyg­na­ýar. Mar­so­ho­duň bu­raw we ro­bot go­ly bi­len ýyg­na­jak ga­ýa­la­ryň we top­rak­la­ryň äh­li nus­ga­la­ry ste­ril me­tal gap­la­ra ýer­leş­di­ri­ler we pla­ne­ta­nyň üs­tün­de sak­la­nar. Ola­ry Ýe­re ýe­tir­mek üçin NA­SA 2026-njy ýyl­da baş­ga bir mis­si­ýa me­ýil­leş­dir­ýär.