Birleşen Arap Emirlikleri Marsa kosmos gämisini iberen ilkinji arap döwleti boldy. «Al-Amal» («Umyt») atly kosmos ulagy 20-nji iýulda Ýaponiýanyň Tanegasima kosmodromyndan Marsa iberildi. Dubaýdaky Muhammet Bin Raşid Al Maktum kosmos merkezi bilen Kolorado uniwersitetiniň atmosfera we kosmos-fizika barlaghanasy bilen bilelikde işlenip düzüldi. Onuň 2021-nji ýylyň fewral aýynda Marsa ýetmegine garaşylýar.
Amerikanyň we Hytaýyň Marsy öwrenmek baradaky kosmos meýilnamalaryndan tapawutlylykda, BAE-niň bu missiýasynyň maksady Marsyň atmosferasyny orbitadan synlar we ýylyň dowamynda ähli sebitler boýunça howasynyň ilkinji doly maglumatyny alar. Kosmos zondy, Marsyň howasyny emele getirýän atmosferanyň aşaky gatlaklaryny, şeýle hem tozan tupanlaryny ilkinji gezek öwrener.
BAE-niň kosmos meýilnamasy diňe bir kosmos giňişligini öwrenmek bolman, eýsem, ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine täze itergi bermekden ybaratdyr. Munuň hasabyna ylmy we tehnologiýanyň ösüşi ni has-da ýokary sepgitlere ýetirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýaşlaryň ylma we gözleglere bolan gyzyklanmasyny artdyrmak meýilleşdirilýär.
Mars barada gysgaça
Mars Günden uzaklygy boýunça 4-nji orunda durýan planetadyr. Planetanyň göwrümi beýlekilere garanyňda uly däldir we ol Gün ulgamynda ululygy boýunça 7-nji orunda durýar. Bu planetanyň agramy Ýeriň agramyndan 11 göterim azdyr. Mars planetasy gadym zamanlardan bäri alymlaryň ünsüni özüne çekýär.