Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ynsan saglygyny dermanlyk ösümlikleriň kömegi bilen bejermegiň usullary giňden beýan edilýär.
Türkmen topragy dermanlyk ösümliklerine örän baý bolup, türkmeniň mes topragynda kemala gelýän ösümlikleriň ynsan saglygyny bejermekdäki orny örän uludyr. Şeýle ösümlikleriň biri-de üzärlikdir. Üzärlik adamyň ruhy ýagdaýyny sazlaşykly, rahat saklamak ukybyna eýe bolup durýar. Üzärligi tüsseletmek däbi halkymyzyň durmuşynda mäkäm orun alypdyr. «Ýüz – därlik» diýen söz düzüminden gelip çykan üzärligi gadymy dilimizde derman manysynda ulanylan, häzirki zaman türkmen dilinde «däri derman» sözleri bilen deňeşdirilýär. Has takygy, ýüz däriniň ýerini tutýan ösümlik diýen manyda «ýüz – därlik» diýipdirler. Şonuň bilen hem bu söz gepleýiş diliniň oňaýlygyna uýgunlaşyp «üzärlik» bolup gidipdir. Başga bir çeşmelerde bu sözüň manysyna ýüz kişiniň bitirjek işini bitirýän hasap edilip, ýüz adamyň güýjüne deňelipdir. Halk tebipçiliginde üzärlik ýüz derdiň dermany diýen düşünje bar. Üzärligiň tüssesiniň ýokanç kesellerini döredýän zyýanly bakteriýalara garşy ulanylany üçin ene–mamalarymyz gadymy döwürlerden bäri dümewlän adamyň bolýan otagyna tüsseledipdirler. Şeýle-de, onuň tüssesi adam beýnisine rahatlandyryjy täsirini ýetirýär. Onuň gaýnadylan suwuny bolsa deri kesellerinde, gijelewükde, iriňli ýaralarda ulanypdyrlar.
Ösümligiň dermanlyk häsiýeti Abu Aly Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň «Tebipçiligiň ýan kitaby» we Muhammet Hüseýiniň «Melhemler hazynasy» diýen eserlerinde beýan edilipdir.
Üzärlik halk lukmançylygynda «ýüzlerçe keseli» bejermek üçin ulanylýan has belli ösümlikdir. Wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradyp, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Häzirki wagtda hem her bir türkmen öýünde bu ösümligiň bir çogdamyny görmek bolýar.
Üzärligiň ysyndan bakteriýalar, zyýanly mör-möjekler we ýylanlar gaçýar, muňa ýüzärligiň otundaky hem-de tohumyndaky alkoloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýar. Üzärlik çişlerde, garyn ýellenmede, damar çekmesinde we merezýelde derman hökmünde ulanylýar. Gerdejik we ampula görnüşinde miopatiýada, miosteniýada şeýle hem iç gatamada içiňi sürýän serişde hökmünde ulanylýar.
Merkezi Aziýanyň halklary bu ösümlikden taýýarlanan jöwheri dişiň etleri agyranda agzy çaýkamak üçin ulanýarlar. Üzärligiň tohumyndan taýýarlanan melhem demgysmada we böwrek kesellerinde peýdalydyr.
Rustam Çaryýew,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak
jemgyýetiniň Lebap welaýat
bölüminiň hünärmeni.