Italiýa. Doňdurma sandwiçleri (italýança: brioche con gelato) bu ýurtda has gowy görülýär. Bu tagam esasan hem, ýurduň Sisiliýa sebitinde ertirlik naharynda iýilýär. Doňdurma bir bulgurda äberilýär we eräp çörege siňýär.
Ýaponiýa. Moçi doňdurmasynyň şekili kömelege meňzeş bolýar. Ýaponlarda «moçi» sözi üwelen tüwüden taýýarlanýan süýjüligiň hamyryny aňladýar. Bu tagam tegelek hamyryň içine doňdurma salynmagy bilen taýýarlanýar. Onuň gök çaý tagamly, wanilli, ýertudanaly we beýleki görnüşleri bolýar.
Tailand. Bu ýurtda doňdurmany müşderi sargyt edeninden soňra taýýarlap başlaýarlar. Ýagny, tagam ýörite siziň üçin taýýarlanyp, elinjek hödür edilýär. Ilki ýörite polat gaba suwuklyk guýulýar. Soňra beýleki tagamlar goşulyp garylýar. Soňra doňdurylýar we kiçijik böleklere bölünip käsede hödür edilýär.
Angliýa. Bu ýurtda doňdurmanyň örän köp görnüşi bar. Irki döwürlerde Angliýa Italiýadan göçüp gelen maşgalalar doňdurma dükanlaryny açypdyrlar. Şol döwürlerde täsin tagamly doňdurmalar hem bolupdyr. XIX asyryň ahyrynda hyýarly doňdurmalar meşhur bolupdyr. 1920-nji ýyllarda galyň bulgurda hödürlenýän we uzyn çemçe bilen iýilýän doňdurma dürli miweler, hoz we gaýmak goşulýan eken. Häzirki wagtda Angliýada her adam ýylda ortaça 7 litr doňdurma iýýär.
1940-njy ýyllarda doňdurma köpçülikleýin öndürilip, sowadyjyly ulaglar arkaly paýlanyp başlanýar.