2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory Hans Klýuge bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny, hususan-da koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýaramagyna garşy göreş ulgamynda Türkmenistanyň we BSGG-nyň netijeli hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň BSGG-niň Baş direktory bilen golaýda geçiren wideoduşuşygynyň barşynda biziň ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň ählisi bu guramanyň ýolbaşçysy tarapyndan dolulygyna goldanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň DIM-niň we SG we DSM-niň ýolbaşçylaryna BSGG-niň degişli edaralary bilen utgaşdyrylan işleriň has işjeňleşdirilmegi barada anyk tabşyryklary berdi.

Berilen tabşyryklary ýerine ýetirmek hem-de adam saglygyny goramak ulgamynda öňde duran möhüm wezipeleri hemmetaraplaýyn durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, geçirilen duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary ýiti ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy bilelikdäki ählumumy göreşiň alnyp barylmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlandyrylmagynyň zerurlygyny ýene-de bir gezek nygtadylar. Şeýle-de duşuşygyň çäklerinde ýurdumyzdaky häzirki epidemiologiki ýagdaýlara oňyn baha berildi we golaýda Türkmenistanda saparda bolan BSGG-niň missiýasynyň bilermenleriniň beren maslahatlarynyň ýerine ýetirilişiniň depgini hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu ugurda, Döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryndan ugur alyp, döwrüň talaplarynyň nazarda tutulmagy bilen, ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriň garşysyna göreşmek we olaryň öňüni almak babatynda durmuşa geçirilýän çäreleriň oňyn netije bermegi ugrunda zerur tagallalaryň berjaý edilmelidigi aýratyn bellenildi.

Ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, alym-lukmanlaryň, bilermenleriň we bilimiň beýleki ugurdaş pudaklarynyň hünärmenleriniň yzygiderli pikir alyşmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi hem BSGG-niň ÝSE-nyň Direktory bilen geçirilen gepleşigiň esasy temasy boldy.

Türkmen tarapy öz nobatynda, geljekde hem abraýly halkara guramalarynyň maslahatlaryna eýerjekdigini we bilelikdäki taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň çäklerinde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygyny dowam etjekdigini tassyklady.