2020-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna koronawirus pandemiýasyna garşy göreş üçin lukmançylyk enjamlaryň toplumlary görnüşindäki nobatdaky ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekildi.
Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetine muzdsuz bermek tabşyryldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň saklanylmagyna gönükdirilen halkara işlerine işjeň gatnaşýar. Ynsanperwerlik nusgalaryň tarapdary bolan Türkmenistan ata-babalarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek wesýetlerine eýerip, elmydama beýleki döwletlere, hususan-da doganlyk goňşy halklara özüniň kömegini bermäge taýýardyr.
Ynsanperwer häsiýetli nobatdaky ählitaraplaýyn kömegini bermek arkaly doganlyk Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine wajyp goşant goşmak bilen, bu ynsanperwerlik resminama dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk dessurlarynyň mizemezliginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy.