Tomus paslynyň ahyrky aýy täze okuw ýylynyň ýetip gelýänligini aňlatmak bilen, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda köp sanly mekdep bazarlary iň köp adamly ýerlere öwrülýär. Ene-atalar çagalaryna okuw esbaplaryny alyp bermek bilen, täze okuw ýylyna taýýarlaýarlar. Çagalar üçin ähli zerur zatlar bolan mekdep bazarlarynyň guralmagy ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.
10-njy awgustdan başlap, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda mekdep bazarlarynyň hem-de göçme söwda nokatlarynyň jemi 410-sy alyjylara giňden hyzmat edip başlady. Olarda söwda-satuw işleri Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan ýola goýulýar.
Mekdep bazarlarynda alyjylara hödürlenilýän harytlaryň köpgörnüşliligi ünsüňi özüne çekýär. Elbetde, harytlaryň bolçulygy, ýokary hilliligi, şonuň bilen birlikde-de elýeterliligi bazarlaryň köp adamly bolmagyny, alyjylaryň islegleriniň barha artmagyny şertlendirýär. Paýtagtymyzyň «Teke bazary», «Gülüstan» söwda merkezlerinde, «Altyn asyr» Gündogar bazarynda satuw işleri ýola goýlan mekdep bazarlaryna, göçme söwda nokatlaryna aýlanyp göreniňde-de, muňa doly göz ýetirýärsiň. Alyjylaryň isleg bildirýän harytlarynyň arasynda ýurdumyzda öndürilen önümleriň agdyklyk etmegi has-da guwandyryjydyr. Şeýle harytlaryň hatarynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary, şeýle-de hususy telekeçiler tarapyndan öndürilen okuw egin-eşikleri, aýakgaplary, dürli görnüşli köýneklik matalary, tahýa, çabyt, begres ýaly milli lybaslary hem-de şaý-sepleri görkezmek bolar. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen dürli görnüşli okuw depderleri, hususy telekeçilerimiziň satuwa çykarýan beýleki kanselýariýa-okuw esbaplary-da bazarlaryň iň geçginli harytlarydyr.
Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň işläp başlamagy ene-atalara we çagalara, talyp ýaşlara täze okuw ýylyna gerek bolan harytlary bir ýerden satyn almaga ýardam edýär. Bu bazarlarda ähli zerur zatlar bolluk bilen üpjün edilendir, munuň özi milli Liderimiziň ýurdumyzyň geljegi bolan çagalar baradaky edýän ýadawsyz aladalarynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Ýaşlarymyzyň döwrebap bilimdir terbiýe almagy, olaryň berk bedenli we sagdyn ruhly, kämil düşünjeli ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu günki ýaşlar asuda Watanymyza, hormatly Prezidentimize, mähriban halkymyza wepaly bolup ýetişmegi öz öňlerinde baş maksat edip goýýarlar.
Şeýle bolansoň ýurdumyzda ýaşlaryň diňe bir orta we ýokary okuw mekdeplerinde alýan bilimlerini ösdürmäge däl, eýsem, olaryň zerur bolan okuw esbaplaryndan doly üpjün bolmagy hem gazanylýar. Munuň şeýledigine häzirki wagtda işleýän mekdep bazarlarynyň okuwçy ýaşlar üçin niýetlenen dürli görnüşli okuw esbaplardan doly bolmagy hem şaýatlyk edýär.