Daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Milli Liderimiz hökümetiň iýul aýynda bolan giňişleýin mejlisinde çykyş edip, ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydygyna aýratyn ünsi çekdi. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenildi. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Hä­zir­ki dö­wür­de bu ul­gam­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan mil­li stra­te­gi­ýa Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň dur­nuk­ly ösü­şi­niň mak­sat­la­ry hem-de dün­ýä­niň eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­ny go­ra­mak bo­ýun­ça gaý­ra­go­ýul­ma­syz we­zi­pe­ler bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýar.
BMG-niň te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­ra­da­ky res­mi­na­ma­la­ry­nyň – bio­lo­gik köp­dür­lü­lik ba­ra­da­ky, çöl­leş­mä­ge gar­şy gö­reş­mek ba­ra­da­ky, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ha­kyn­da­ky, ozon gat­la­gy­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky, ser­he­tüs­ti suw akym­la­ry­ny we hal­ka­ra köl­le­ri go­ra­mak we ulan­mak, ÝUNES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä me­de­ni we te­bi­gy mi­ra­sy­ny go­ra­mak ha­kyn­da­ky res­mi­na­ma­lar, Ha­zar deň­zi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly Kon­wen­si­ýa, Suw-bat­ga­lyk ýer­ler ha­kyn­da­ky Ram­sar Kon­wen­si­ýa­sy, BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy, BMG-niň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy, Äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa gaz­na­sy bi­len bi­le­lik­de ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­la­ryň on­lar­ça­sy we beý­le­ki­ler mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki dür­li fo­rum­lar­da öňe sü­ren hem-de hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan giň gol­da­wa eýe bo­lan ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­mek ze­rur­dyr. Hu­su­san-da, şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Aş­ga­bat­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi­ni aç­mak, BMG-niň Suw stra­te­gi­ýa­sy­ny hem-de BMG-niň Aral deň­zi se­bi­ti üçin ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak we Aral me­se­le­si­ni BMG-niň işi­niň aý­ra­tyn ug­ru­na öwür­mek, Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ra­da­ky tek­lip­ler we beý­le­ki­ler bar.
Ýur­du­myz ola­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça anyk ädim­le­ri äd­ýär, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, bu ul­ga­my ka­da­laş­dyr­ýan yg­ty­bar­ly hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­red­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. On­da te­bi­gy se­riş­de­le­ri re­je­li ulan­ma­ga we daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga döw­let gö­zeg­çi­li­gi ba­ra­da­ky düz­gün ber­ki­di­len­dir.
Şeý­le hem döw­rüň ta­lap­la­ry­na hem-de umu­my yk­rar edi­len hal­ka­ra ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, mil­li ka­nun­çy­lyk yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da «To­kaý ko­dek­si», «Te­bi­ga­ty go­ra­mak ha­kyn­da­ky», «Aý­ra­tyn go­ral­ýan te­bi­gy ýer­ler ha­kyn­da­ky», «Ozon gat­la­gy­ny go­ra­mak ha­kyn­da­ky», «Ba­lyk tut­mak we su­wuň bio­lo­gik se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak ha­kyn­da­ky», «Ösüm­lik dün­ýä­si ha­kyn­da­ky», «Haý­wa­nat dün­ýä­si ha­kyn­da­ky» Ka­nun­lar we beý­le­ki­ler ka­bul edil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tas­syk­lan «Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bo­ýun­ça mil­li stra­te­gi­ýa­nyň» we «Türk­me­nis­ta­nyň mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­nyň» hem-de giň ge­rim­li dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de te­bi­ga­ty go­ra­mak, bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi we te­bi­gy land­şaft­la­ry aýaw­ly sak­la­mak ul­ga­myn­da ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň bug gaz­la­ry­nyň zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry gol­da­ny­lyp, se­na­gat ul­ga­myn­da eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we se­riş­de­le­ri tyg­şyt­la­ýan döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­ga geç­mek işi ama­la aşy­ryl­ýar.
Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, dok­ma we beý­le­ki top­lum­la­ryň kär­ha­na­la­ry­ny teh­ni­ki taý­dan tä­ze­den en­jam­laş­dy­ryl­ma­gy­ny anyk my­sal hök­mün­de gör­kez­mek bo­lar. Tä­ze önüm­çi­lik dü­zü­mi­ni gur­mak hem-de hä­zir he­re­ket ed­ýän des­ga­la­ry döw­re­bap­laş­dyr­mak işi daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ýe­ti­ril­me­gi­niň öňü­ni al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de teh­ni­ki çöz­güt­le­ri ulan­mak ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan Aral­ýa­ka se­bi­tin­de eko­lo­gi­ýa­ny sag­dyn­laş­dyr­mak, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­dyr­mak ýa­ly mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mek bo­ýun­ça gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän hyz­mat­daş­la­ryň äh­li­si bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ýar. Bu ul­gam­da­ky tas­la­ma­lar ama­la aşy­ry­lan­da, ýur­du­myz umu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne bar bo­lan uly tej­ri­be­den hem-de dö­re­di­ji­lik kuw­wa­tyn­dan peý­da­lan­ma­ga ça­lyş­ýar.
Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa go­rag­ly­ly­gy­nyň yg­ty­bar­ly ul­ga­my­ny dö­ret­mek hem türk­men döw­le­ti­niň te­bi­ga­ty go­ra­mak stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­niň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Mu­nuň özi, il­kin­ji no­bat­da, onuň aý­ra­tyn de­re­je­si bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Bu iň iri içer­ki, dün­ýä um­ma­nyn­dan aý­ra­tyn suw how­da­ny te­bi­ga­tyň ha­ky­ky mer­je­ni­dir. Ol ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ne baý­dyr. Ha­za­ryň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­niň köp gör­nüş­le­ri en­de­mi­ki hä­si­ýe­te eýe­dir we se­bi­tiň bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi­niň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ge­no­fon­du­ny düz­ýär.
Ýew­ro­pa-Kaw­kaz-Azi­ýa hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­niň de­ňiz, ho­wa, aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da amat­ly ýer­leş­me­gi, baý ug­le­wo­do­rod, ba­lyk we beý­le­ki se­riş­de­le­ri, amat­ly ho­wa şert­le­ri Ha­zar se­bi­ti­ni ok­gun­ly ös­ýän se­na­gat, ulag we şy­pa­ha­na mer­ke­zi­ne öwür­di. Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de hem oňa mö­hüm orun de­giş­li­dir. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan mil­li de­re­je­de bu ugur­da mak­sa­da­la­ýyk iş­le­ri alyp bar­mak bi­len, Ha­zar­da­ky bar bo­lan eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni we bu ugur­da ýü­ze çy­kyp bi­läý­jek me­se­le­le­ri özü­niň ýa­kyn goň­şu­la­ry we hyz­mat­daş­la­ry hem-de ab­raý­ly gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, BMG bi­len bi­le­lik­de çöz­mek­de tä­ze çe­me­leş­me­le­ri tek­lip ed­ýär.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ha­zar eko­lo­gi­ýa fo­ru­my­ny gu­ra­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Türk­men döw­le­ti öz ta­ra­pyn­dan, BMG-niň Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­ra­da­ky äh­li we­zi­pe­le­ri ne­ti­je­li çöz­ýär. Ha­za­ryň ke­na­ryn­da gu­rul­ýan döw­re­bap şy­pa­ha­na­la­ra we myh­man­ha­na­la­ra hem-de se­na­gat kär­ha­na­la­ra bil­di­ril­ýän esa­sy ta­lap­la­ryň bi­ri­niň ola­ryň eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy ba­bat­da hal­ka­ra ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki Hal­ka­ra de­ňiz por­ty, «Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid» za­wo­dy, Gy­ýan­ly şä­her­çe­sin­dä­ki po­li­mer za­wo­dy we ab­raý­ly gu­ra­ma­la­ryň bu des­ga­la­ryň daş­ky gur­şa­wa howp­suz­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan gü­wä­na­ma­lar gow­şu­ry­lan beý­le­ki bir­nä­çe top­lum­lar mu­nuň my­sa­ly­dyr. Giň ge­rim­li bag ek­mek işi hem şu mak­sat­la­ra ýet­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Bu iş­le­riň ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýy­lyň do­wa­myn­da gök öwüs­ýän to­kaý­lar peý­da bol­ýar, tä­ze se­ýil­gäh zo­lak­la­ry dö­re­dil­ýär, ýer­li ila­tyň sag­ly­gy­na oňyn tä­sir ed­ýän ja­na şy­pa­ly ho­wa ýag­da­ýy eme­le gel­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­nuk­ly­ly­gy, ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy, eko­lo­gi­ýa de­ňag­ram­ly­ly­gy umu­my Ha­zar se­bi­ti­niň esa­sy bin­ýa­dy bo­lup dur­ýan­dy­gy ba­ra­da­ky söz­le­ri kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň tag­ly­ma­ty­nyň esa­sy bo­lup hyz­mat eder. Onuň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bol­sa Ha­zar deň­zi­niň se­bi­ti­ne dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ul­ga­myn­da öň­de­ba­ry­jy or­ny eýe­le­mä­ge ýar­dam eder.
Bi­ziň ýur­du­my­zyň te­bi­ga­ty go­ra­mak ul­ga­myn­da­ky ne­ti­je­li işi­niň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan ýer­le­ri su­war­ma­gyň me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de tä­ze­çil çe­me­leş­me­le­ri göz öňün­de tut­ýan ägirt uly suw ho­ja­lyk tas­la­ma­la­ry­ny gör­kez­mek bo­lar. Bu ul­gam­da­ky öz­gert­me­ler we­la­ýat­lar­da ama­la aşy­ryl­ýan, ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my­ny, oba adam­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň hi­li­ni tä­ze de­re­je­le­re gö­ter­mä­ge gö­nük­di­ri­len düýp­li iş­ler­de mö­hüm ädim bol­dy.
Hä­zir­ki wagt­da te­bi­ga­ty go­ra­mak çä­re­le­ri­niň tej­ri­be­si we türk­men yl­my­nyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri bü­tin ­dün­ýä­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Mu­ňa bi­ziň ýur­du­my­zyň iri eko­lo­gik çä­re­le­ri­niň, mas­la­hat­la­ry­nyň we se­mi­nar­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän ýe­ri hök­mün­de en­çe­me ge­zek saý­la­nyp alyn­ma­gy hem şa­ýat­lyk ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ul­gam­da­ky hyz­mat­la­ry­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki yk­rar edil­me­si­niň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de 2019-njy ýy­lyň 8-nji aw­gus­tyn­da Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de eko­lo­gi­ýa bo­ýun­ça ge­çi­ri­len iň uly sa­pa­gyň Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­me­gi­ni gör­kez­mek bo­lar.
Umu­man ala­nyň­da, mäh­ri­ban top­ra­gy­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny we köp­dür­lü­li­gi­ni art­dyr­ma­ga we go­rap sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi ar­ka­ly mil­li Li­de­ri­mi­ziň düýp­li we öň­den­gö­rü­ji sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­ler Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň ke­pi­li­dir.