Dünýä belli «Nokia» telefonlaryny öndürýän «HMD Global» kompaniýasy täze meýilnamalary üçin 230 million dollar möçberinde maýa goýumlary çekdi. Bu meýilnamalary goldap «Google» we «Qualcomm» ýaly kompaniýalar çykyş etdi.
Metbugat gulluklarynyň berýän maglumatyna görä, «HMD Global» kompaniýasy düwmeli telefon bazarynda öňdebaryjy bolup, «Android» ulgamyna esaslanýan smartfonlary öndürýär we Ýewropadaky iri smartfon öndüriji kompaniýalaryň biridir.
Kompaniýa beýleki hyzmatdaşlaryndan geljek maýa goýumy 4 ugra gönükdirmegi maksat edinýär. Birinjisi, elýeterli 5G smartfon öndürmekden, ikinjisi sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmekden, üçünjisi Braziliýada, Afrikada we Hindistanda söwda işlerini artdyrmakdan, dördünjisi ykjam hyzmatlary hödürlemekden ybaratdyr.
2016-njy ýylda döredilen «HMD Global» kompaniýasy 4 ýylyň dowamynda tutuş dünýäde 240 million smartfon satdy.