UEFA Ýewropa ligasynyň 1-nji ýarym finalynda ýaryşyň has tejribeli topary ýeňiş gazandy. Kölnde oýnalan duşuşykda “Sewilýa” topary “Mançester Ýunaýtedden” 2-1 üstün çykdy. 9-njy minutda Bruno Fernandeş “Mançester Ýunaýtedi” öňe saýlan bolsa, 26-njy minutda ispaniýaly futbolçy Suso hasaby deňledi. Oýnuň 1-nji ýarymy bu hasap bilen tamamlandy. Çekeleşikli geçen 2-nji ýarymda-da ýeke gol hasaba alyndy. Şol goly-da oýnuň tamamlanmagyna 12 minut galanda, oýna soň goşulan Luuk de Ýong öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Sewilýa” Ýewropa ligasynda 6-njy gezek finalda oýnamaga hukuk gazandy. “Sewilýanyň” finaldaky garşydaşy şu gün oýnaljak “Inter”–“Şahtýor Donesk” duşuşygyndan soň belli bolar. Ýewropa ligasynyň şu ýylky çempiony 21-nji awgustda oýnaljak finaldan soň, kubogy asmana göterer.