Ilkinji ýankompýuterini çykardy

415

Smartfon önümçiligi bilen tanalýan “Xiaomi” kopmpaniýasyna degişli bolan “Redmi” brendi oýun oýnamaga niýetlenen ilkinji ýankompýuterini satuwa çykardy. “Redmi G” atly kompýuteriň üç görnüşi bar. Ilkinji nusgasynda 10-njy nesle degişli “Intel Core i5-10200H” mikroprosessor we “NVIDIA GeForce GTX 1650” ekran karty oturdylypdyr. Ikinji görnüşi 10-njy nesle degişli “Intel Core i5-10300H” mikroprosessor hem-de “NVIDIA GeForce GTX 1650 Ti” ekran karty bilen üpjün edilipdir. Iň ýokary görnüşinde bolsa, 10-njy nesle degişli “Intel Core i7-10750H” mikroprosessor hem-de “NVIDIA GeForce GTX 1650 Ti” ekran karty oturdylypdyr. Modelleriň ählisi 16,1 dýuým 1920×1080 durulygyndaky LCD ekrany bolup, beýleki aýratynlyklary tapawutlanýar. Modeline görä, 763-1007 dollar aralygyndaky bahadan satuwa çykarylan kompýuteriň birnäçe oýny “göterjekdigi” aýdylýar. Ilkinji nobatda hytaý bazaryna iberilen kompýuteriň global bazara hödürlenjek wagty mälim edilmedi.