ABŞ-nyň dünýä belli «Apple» kompaniýasynyň «iPhone 11» smartfonlary tutuş dünýäde iň köp satylýan ykjam telefon boldy. Bu barada metbugat neşirleri habar berýär.
Telefonyň bu görnüşi ABŞ-nyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň hem-de Beýik Britaniýanyň bazarlarynda öňdeligi eýeläp gelýär. ABŞ-nyň özünde «iPhone 11» smartfonlarynyň satuw paýy 16 göterime deň boldy. Bu görkeziji Hytaýyň bazarynda 4 göterime deň bolup, Hytaýyň özünde öndürilýän «Oppo A8», «Honor 9X» we «Vivo Y3» smartfonlaryndan öňe saýlandy.
«iPhone 11» smartfonlary diňe Koreýa Respublikasynda öňdeligi «Samsung» kompaniýasynyň telefonlaryna berdi. Bu ýurtda «Samsung» kompaniýasynyň telefonlary ilkinji 5 orny eýeleýär. «Apple» kompaniýasynyň telefony Fransiýada ikinji orunda durýar. Bu ýurtda «Samsung Galaxy A51» öňdeligi eýeleýär. Hindistanda bolsa Hytaýyň telefonlary öňdäki orunlary eýeleýär. Bu ýerde gürrüň «Xiaomi Redmi Note 8» hem-de «Redmi 8» smartfonlary barada barýar. Olaryň bazardaky paýy 14 göterime deňdir.