ABŞ-nyň hi­mi­ýa jem­gy­ýe­ti­niň hü­när­men­le­ri iň peý­da­ly hem-de lez­zet­li şo­ko­la­dyň dö­re­dil­me­gi ba­bat­da de­giş­li iş­le­ri ge­çir­ýär. Bu ba­ra­da köp­çü­lik­le­ýin met­bu­gat ne­şir­le­ri ha­bar ber­ýär­ler.
Alym­lar süýt­li şo­ko­la­dy­ň dün­ýä­de iň meş­hury­dy­gy­ny bel­le­di­ler, se­bä­bi bu gör­nüş­li süý­jü­ni ha­la­ýan­lar onuň ta­ga­my­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler. Şeý­le-de bol­sa, be­den üçin peý­da­ly­ly­gy nuk­daý­na­za­ryn­dan ga­ra we ajy şo­ko­lad bi­rin­ji orun­da dur­ýar. Şo­ko­la­dyň şeý­le gör­nü­şi an­ti­ok­si­dant­lary, fe­nol bir­leş­me­lerini we peý­da­ly mik­roe­le­ment­le­ri özün­de jem­le­ýär.
Alym­lar süýt­li şo­ko­la­dyň ada­ma has peý­da­ly bol­ma­gy ug­run­da yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni ge­çir­ýär­ler. Bu ba­bat­da şo­ko­la­dyň dü­zü­mi­ne ara­his ho­zu­nyň ga­by­gy­ny goş­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Ara­his ho­zy gaý­ta­dan iş­le­ni­len­de, adat­ça onuň gy­zyl ga­by­gy ula­nyl­ma­ýar. As­lyn­da an­ti­ok­si­dant­la­ryň çeş­me­si bo­lan fe­nol bir­leş­me­le­riň 15 gö­te­ri­mi ara­hi­siň gy­zyl ga­by­gyn­da jem­le­nen­dir.
Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­çe, ara­hi­siň ga­by­gy şo­ko­la­dyň has peý­da­ly bol­ma­gy­na ge­tir­jek ýe­ke-täk iý­mit ga­lyn­dy­sy däl. Şeý­le hem ko­fe­niň çö­kün­di­si­niň hem-de çaý ýap­rak­la­ry­nyň hem şo­ko­la­da go­şu­lyp bi­lin­jek­di­gi bel­le­nil­ýär.
Şol bir wag­tyň özün­de, hü­när­men­ler şo­ko­la­dyň äh­li peý­da­ly hä­si­ýet­le­ri­ne ga­ra­maz­dan, bel­li bir muk­dar­da sarp edil­me­li­di­gi­ni ýat­lad­ýar­lar. Şo­ko­la­dyň kes­git­le­nen möç­be­ri­ni sarp et­me­giň ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň işi­ne oňyn tä­sir ed­ýän­di­gi hem-de keý­pi­ňi göterýändigi mä­lim edil­ýär.