Dinozawrlaryň täze görnüşiniň galyndylary Hytaýyň paleontologlary tarapyndan Çžuçen şäherinde (Gündogar Hytaý, Şandun welaýaty) tapyldy. Bu barada ýerli häkimiýetler habar berdiler. Bilermenler tapylan ýanbaş süňküniň galyndylaryny kesgitlediler we täze görnüşe «Sinankylosaurus zhuchengensis» diýip at berdiler. Bu barada Çžuçeniň dinozawrlary öwreniş merkezi habar berdi.
– Täze görnüşiň tapylmagy, Çžuçende tapylan dinozawrlaryň faunasyna köpdürlülik getirýär we bu jandarlaryň durmuşy barada has giňişleýin maglumat berýär – diýip, merkeziň işgäri Çžan Ýansýa aýtdy. Barlaglaryň netijeleri (Geological Bulletin of China) «Hytaýyň geologiýa habarlary» žurnalynda çap edildi. Çžuçen dünýädäki iň uly dinozawr galyndylarynyň saklanyp galan ýerleriniň biridir. Bu ýerde olaryň galyndylarynyň saklanýan ýeriniň umumy meýdany 1600 inedördül kilometre deň. Hytaýly barlag geçirijiler 1964-nji ýylda Çžuçende ilkinji dinozawr galyndylaryny tapdylar. Şondan soň bu ýerde gazuw-agtaryş işleri geçirilen wagtynda dinozawrlaryň köp sanly görnüşleriniň galyndylary ýüze çykaryldy.