Ita­li­ýa­da ýur­duň yk­lym bö­le­gi­ni su­was­ty ge­çel­ge ar­ka­ly Si­si­li­ýa ada­sy bi­len bi­rik­dir­mek bo­ýun­ça tas­la­ma hö­dür­len­di. Ýur­duň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Prem­ýer-mi­nistr Ju­zep­pe Kon­te bu taslamany tas­syk­la­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, tunnel Mes­si­na bo­ga­zy­nyň aşa­gyn­dan – Si­si­li­ýa­nyň gün­do­gar ujy bi­len Ka­lab­ri­ýa yk­lym se­bi­ti­niň ara­syn­da gur­lar. Mun­dan baş­ga-da, bo­ga­zyň iň dar bö­le­gi­niň ini üç ki­lo­met­re deň­dir. Si­si­li­ýa­ny ga­dy­my dö­wür­ler­de-de yk­lym bi­len bag­la­nyş­dyr­mak is­läp­dir­ler. Ýö­ne ol wagt­lar köp­ri gur­mak hak­da gür­rüň gi­den eken. In­že­ner­le­riň köp san­ly tas­la­ma­la­ry dö­re­den­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, ola­ryň hiç bi­ri­si ama­la aş­man ga­lyp­dyr.
Su­was­ty ge­çel­gä­niň tas­la­ma­sy in­že­­ner Jo­wan­ni Sak­ka ta­ra­pyn­dan üç ýyl mun­dan ozal iş­le­nip dü­zül­di. Şeý­le-de bol­sa, soň­ky wag­ta çen­li hö­kü­met gu­tar­nyk­ly ka­ra­ra ge­lip bil­me­di. Tas­la­ma­nyň bäş ýyl­da ta­mam­lan­ma­gy­na we 1,5 mil­liard ýew­ro sarp edil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de, gur­lu­şy­gyň ug­run­da­ky ýe­ras­ty ýol­la­r, ara­gat­na­şyk we ar­heo­lo­gik bar­lag­lar bi­len tu­tuş tas­la­ma­nyň ba­ha­sy 5 mil­liard dol­la­ra deň bo­lar.
Mun­dan baş­ga-da, bu me­ýil­na­ma Ita­li­ýa­dan Pa­ler­mo çen­li ýo­ka­ry tiz­lik­li de­mir ýol ul­ga­my­nyň do­wam et­di­ril­me­gi­ni öz içi­ne al­ýar. Tas­la­ma üçin se­riş­de­ler, Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni gol­da­mak üçin go­laý­da dö­re­di­len ykdysady di­kel­diş gaz­na­syn­dan ge­ler.