Saýlawlar yza süýşürildi. «Financial Times» gazetiniň habaryna görä, Täze Zelandiýanyň Premýer-ministri Jasinda Ardern ýurduň umumy saýlawlarynyň 19-njy sentýabrdan 17-nji oktýabra süýşüriljekdigini habar berdi. Ýurtda geçirilýän pikir soralyşyklar Jasinda Arderniň Zähmet partiýasynyň Parlament saýlawlarynda gaýtadan ýeňiş gazanyp biljekdigini görkezýär. Deslapky ses berişlik indi 3-nji oktýabrda başlar. Täze Zelandiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary Winston Piters saýlawlaryň yza süýşürilmegini makullady.
Daşky gurşaw taslamasyna başlar. Budapeştdäki Gellert baýyrlygynyň depesine alyp çykýan funikulýor, 2024-nji ýyla çenli ýolagçylary kabul etmäge taýyn bolar. Bu barada paýtagt Wengriýanyň häkimliginiň metbugat gullugy mälim etdi. «Bu demir ýol ulagy ýokaryk çykýan syýahat awtobuslarynyň uly akymynyň ýerini dolar. Bu girdeji getirer we daşky gurşawy goramak işine hyzmat eder» diýip, şäher häkimligi ynam bildirýär. Funikulýoryň gurluşygyna 5 million ýewro sarp ediler we ondan gelýän girdeji ýylda 2 million ýewro çenli bolup biler.
Iň ýuka aýna döredildi. Germaniýanyň Maks Planka adyndaky kwant optikasy institutynyň fizikleri iň ýuka we ýeňil optik aýnany döretdiler. Ol atomlaryň diňe bir gatlagyndan durup, göze görünmeýär, ýöne onuň ýiti şöhlelenmesi ajaýyp görünýär. Ol diňe birnäçe ýüz atomlary öz içine alýan bir gurluşly gatlakdan ybarat bolan ýalpyldawuk metamaterialdyr. Täze aýnanyň galyňlygy onlarça nanometr bolup, adamyň saçyndan müň esse inçe. Şonuň üçin täze önümiň içerki maksatlar üçin ulanylmagy mümkin däl, ýöne täze önümiň ylmy ähmiýeti gaty uludyr.
Brazil kenarlaryndan tapylan gämi. G1 portalynyň ýazmagyna görä, gaýtgyn Braziliýanyň San-Paulu ştatynyň kenarynda agaçdan we metaldan ýasalan gadymy gäminiň galyndylarynyň üstüni açdy. Saýtda goýlan suratlara görä, galyndylaryň süňňi uly gäminiň göwresine meňzeýär we kenara golaý ýerde ýerleşýär. Ilkinji gezek bu gäminiň aýry-aýry bölekleri 2017-nji ýylda tapyldy, ýöne uzynlygy 50 metrden gowrak bolan bu gäminiň galan bölegi indi doly görnüp başlady. Hünärmenler topary onuň haýsy gämidigini anyklap bilmedi. Ony ilki 1895-nji ýylda gark bolan «Krestel» atly ýelkenli gämi diýip, pikir etdiler, ýöne soňra bu çaklama ret edildi.
Urana we Neptuna göwher ýagýar. Bu nazaryýet amerikan alymlary tarapyndan Ýerde synag geçirmek arkaly subut edildi. Uran we Neptun planetalarynyň atmosferasy esasan, geliý we wodoroddan ybarat, ýöne has çuňlukda metan ýaly agyr elementler we maddalar hem ýerleşýär. Alymlar takmynan, 7 müň km çuňlukda gyzgynlygyň we basyşyň şeýle ýokarydygyny, metanyň uglerod we wodorod elementlerine bölünýändigini çaklaýarlar. Şondan soň wodorod atmosfera çykýar we daşky gurşawyň täsiri astynda uglerod göwher kristallaryna öwrülip, kem-kemden planetalaryň üstki gatlagyna ýagýar.
Iň köne kömür käni ýapyldy. Beýik Britaniýada ýurduň iň köne we iň soňky kömür öndürýän kärhanalarynyň biri ýapyldy. Darem etrabynda ýerleşýän Bredli kömür käni iki asyr töweregi işläp, soňky wagtlar ýylda 150 müň tonna kömür öndürdi. Şeýle-de bolsa, onuň girdejisi peselip başlady we girdejini artdyrmak meýilnamalary hem başa barmady. Ýurduň iň soňky çuň magdany bäş ýyl mundan ozal ýapyldy. Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 2025-nji ýyla çenli kömür energiýasyndan ýüz öwürmegi maksat edinýärler. Häzirki wagta çenli ýyllyk zerurlyklar 8 million tonna barabar bolup, Russiýadan we ABŞ-dan import edilýän kömür bilen üpjün edilýär.
Iň kiçi teatr has-da kiçeldi. Peruja şäheriniň Monte-Kastello-di-Wibio etrabyndaky «Della Concordia» teatry dünýädäki iň kiçijik italýan teatrydyr. 1808-nji ýylda açylyp, ulanmaga berlen bu teatrda bary-ýogy 99 oturgyç bar. Köp sanly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän bu teatr indi has-da kiçeldi.
– Teatrda 99 oturgyç bar. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň öňüni alyş çäreleriniň bir bölegi hökmünde bu ýerde biri-birinden uzakda oturan dokuz adamy ýerleşdirip bolýar – diýip, teatryň direktory Edoardo Brençi aýdýar. Iň kiçi teatr iki asyr mundan ozal gurlupdy. Soňra onuň girelgesine şu günki şertlerde geň galdyryjy görünýän bir ýazgy goýuldy: «Medeniýet inedördül we kub metrler bilen ölçenmeýär».