De­ňiz­ler, der­ýa­lar, köl­ler asyr­la­ryň do­wa­myn­da ýo­lag­çy we ýük gat­na­wy üçin peý­da­la­ny­lyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky dür­li gat­na­şyk­lar has ýyg­jam­laş­dy. Ar­zan we amat­ly ha­sap­lan­ýan­dy­gy se­bäp­li hal­ka­ra ha­ryt gat­na­wy­nyň uly bö­le­gi gä­mi­ler ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýar. Şeý­le hem gä­mi­ler beý­le­ki ulag se­riş­de­le­ri bi­len äki­dip bol­ma­ýan uly göw­rüm­li ha­ryt­la­ry da­şa­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
De­ňiz­ler­de we köl­ler­de ýe­liň tur­ma­gy, Aýyň dar­tyş güý­jü­niň art­ma­gy ýa-da azal­ma­gy, um­man­la­ryň aşa­gyn­da ýer yran­ma­sy ze­rar­ly tol­kun eme­le gel­ýär. Deň­ziň ýa-da kö­lüň ke­na­ry­na ba­ra­ny­ňyz­da tol­ku­nyň bir­syh­ly ke­na­ra ur­ýan­dy­gy­ny gö­ren­si­ňiz. Bu tol­ku­ny şe­mal eme­le ge­tir­me­ýär. Şe­mal di­ňe bir ta­ra­pa şol bir güýç­de öwüs­me­ýär. Deň­ziň ke­nar­dan uzak ýe­rin­de yzy­gi­der­li ug­ru­ny üýt­ged­ýän şe­mal her­si baş­ga bir ug­ra ta­rap he­re­ket ed­ýän tol­ku­ny dö­red­ýär. Em­ma bu tol­kun­lar ke­na­ra go­laý­lan­da bi­ri­gip, ug­ru­ny ke­na­ra ta­rap öwür­ýär­ler.
Açyk de­ňiz­ler­de be­ýik­li­gi 25 metr­den geç­ýän tol­kun­lar eme­le gel­ýär. Hä­zi­re çen­li de­ňiz­le­ri öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len eme­li hem­ra­lar­dan hem peý­da­la­nyl­ýar. De­ňiz­le­ri go­rap sak­la­mak mak­sa­dy bi­len peý­da­la­nyl­ýan bu en­jam­lar ar­ka­ly be­lent­li­gi 25 met­re ýa­kyn tol­kun­lar ha­sa­ba al­nyp­dyr. Äpet tol­kun­lar­dan go­ran­mak üçin gä­mi­niň aşa­gy­na ýa­sy en­jam bi­rik­di­ril­ýär. Ge­çen asy­ryň baş­la­ryn­dan bä­ri ula­nyl­ýan bu en­jam güýç­li tol­kun­da gä­mi­ni de­ňag­ram­ly sak­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär.