1. Siz bu dün­ýä gel­ýär­si­ňiz. Siz öz keş­bi­ňi­zi sö­ýüp ýa-da söý­män bi­ler­si­ňiz, ýö­ne ýa­şan döw­rü­ňiz­de he­mi­şe onuň bi­len bi­le ga­lar­sy­ňyz.
2. Siz sa­pak alar­sy­ňyz. Siz dur­muş diý­lip at­lan­dy­ry­lan res­mi bol­ma­dyk gi­je-gün­diz oka­dyl­ýan mek­de­be ka­bul edil­di­ňiz. Her gün bu mek­dep­de si­ze sa­pak al­ma­ga müm­kin­çi­lik bo­lar.
3. Ýal­ňy­şlyk ýok, di­ňe sa­pak­lar bar. Kä­mil­le­şiş: sy­nag­la­ryň hem-de ýal­ňyş­lyk­la­ryň akymy. Şow­suz sy­nag­lar hem üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len sy­nag­la­ryň bir bö­le­gi­dir.
4. Sa­pak­lar tä öw­ren­ýän­çä­ňiz gaý­ta­lan­ýar. Sa­pak­la­ry öz­leş­dir­ýän­çä­ňiz ol si­ze dür­li gör­nüş­ler­de oka­dy­lar. Siz ony öw­re­ne­ni­ňiz­den soň in­di­ki sa­pak­la­ra ge­çer­si­ňiz.
5. Sa­pak­lar hiç ha­çan gu­tar­maz. Dur­mu­şyň öz için­de sa­pak sak­la­ma­ýan ta­rap­la­ry ýok. Siz ýa­şap ýör­se­ňiz öw­ren­me­li sa­pak­la­ry­ňyz bo­lar du­rar.
6. «Ol ýer» hem «bu ýer­den» üýt­ge­şik däl. Ha­çan-da, si­ziň «ol ýe­ri­ňiz» «bu ýer» bo­lan­da, ýe­ne-de «bu ýer­den» has go­wy ýa­ly gö­rün­ýän «baş­ga ýer» ba­ra­da pi­kir eder­si­ňiz.
7. Beý­le­ki­ler di­ňe si­ziň aý­na­ňyz­dyr. Beý­le­ki bir ada­myň bir hä­si­ýe­ti si­ziň özü­ňi­ziň ha­la­ýan ýa-da ýig­ren­ýän hä­si­ýe­ti­ňi­zi şöh­le­len­dir­me­ýän bol­sa, ony ha­la­ma­gy­ňyz ýa-da ýig­ren­me­gi­ňiz müm­kin däl.
8. Dur­muş­da amal ed­ýän zat­la­ry­ňy­zyň ba­ry, di­ňe si­ziň özü­ňi­ze bag­ly. Si­ze ze­rur bo­lan äh­li gu­ral­lar we gor­lar bar. Ola­ry nä­hi­li ulan­jak­dy­gy­ňyz si­ziň özü­ňi­ze bag­ly. Şun­luk­da, saý­law si­ziň bi­len.
9. Dur­muş me­se­le­le­ri­niň jo­ga­by içi­ňiz­de­dir. Si­ziň äh­li et­me­li iş­le­ri­ňiz – se­ret­me­li, diň­le­me­li we ynan­ma­ga ça­lyş­ma­ly.
10. Siz bu­la­ry unut­mar­sy­ňyz di­ýip umyt ed­ýä­ris.

Ter­ji­me eden Şem­şat GOŞ­NY­ÝA­ZO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ta­ly­by.