Halkara «Boo­ker» baý­ra­gy­nyň gu­ra­ma­çy­la­ry şu ýyl­ky baý­ra­ga hö­dür­len­jek da­laş­gär­le­riň uzyn sa­na­wy­ny mä­lim et­di­ler. Baý­ra­gyň web sa­hy­pa­syn­da ha­bar ber­li­şi ýa­ly, uzyn sa­naw­da 13 eser bar. Sa­naw 2019-njy ýy­lyň 1-nji okt­ýab­ryn­dan 2020-nji ýy­lyň 30-njy sent­ýab­ry­na çen­li Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da ýa-da Ir­lan­di­ýa­da ne­şir edilen we neşir edil­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan 162 ro­man­dan saý­lan­dy.
Bu ýyl­ky «Boo­ker» baý­ra­gy­nyň uzyn sa­na­wy­na Da­ýan Kuk (ABŞ), Si­si Dan­ga­remb­ga (Zim­bab­we), Aw­ni Do­şi (ABŞ), Gab­ri­el Krau­se (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa), Hil­la­ry Men­tel (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa), Ko­lu­m Mak­ke­nn (Ir­lan­di­ýa/ABŞ), Maa­za Men­gis­te (Efio­pi­ýa/ABŞ), Dug­las Stýuart (Şot­lan­di­ýa/ABŞ), Kaý­li Rid (ABŞ), Bren­don Taý­ler (ABŞ), Enn Taý­ler (ABŞ), So­fi Word (Ang­li­ýa) we Si Pem Çžan (ABŞ) da­gy gi­ri­zil­di. Bu ýyl­ky baý­ra­gyň da­laş­gär­le­ri­niň gys­ga sa­na­wy 15-nji sent­ýabr­da çap edi­ler, ýe­ňi­ji­si bol­sa, no­ýabr aýyn­da yg­lan edi­ler.
«Boo­ker» baý­ra­gy iň­lis ede­bi­ýa­tyn­da iň ab­raý­ly baý­rak­la­ryň bi­ri bo­lup, 1969-njy ýyl­dan bä­ri be­ril­ýär. Il­ki-il­ki­ler ony al­mak üçin aw­tor Mil­let­ler Ar­ka­la­şy­gy ýurt­la­ry­nyň bi­rin­den, Ir­lan­di­ýa­dan ýa-da Zim­bab­we­den bol­ma­ly­dy. 2013-nji ýyl­da «Boo­ker»-iň baý­rak gaz­na­sy ýa­zy­jy­nyň ra­ýat­ly­gy­na ga­ra­maz­dan, baý­rak ber­mek ka­ra­ry­na gel­di. Ýö­ne ki­ta­byň iň­lis di­lin­de ýa­zyl­ma­gy we Ang­li­ýa­da ne­şir edil­me­gi onuň ýe­ke-täk şer­ti bol­dy. Gys­ga sa­naw­da­ky­la­ryň her bi­ri­ne 2500 funt ster­ling ber­lip, ki­tap­la­ry­ny ýö­ri­te ne­şir et­dir­mä­ge yg­ty­ýar alar­lar. Baý­ra­gyň eýe­si bol­sa 50,000 funt ster­lin­ge eýe bo­lup, hal­ka­ra de­re­je­sin­de yk­rar edi­ler.