27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň himiýa önümçiligini çig mal bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň karbamid dökünini öndürýän «Marykarbamid», «Tejenkarbamid» we «Garabogazkarbamid» zawodlarynyň diňe bir içerki bazarlaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, önümiň esasy bölegini daşary ýurtlara iberýändigi bellenildi.
Karbamidli formaldegit konsentraty bu önümçiligiň esasy çig mallarynyň biridir. Ol döküniň hiline hem-de önüm uzak ýerlere daşalanda, onuň durkunyň saklanylmagyna uly täsir edýär. Şu maksat bilen, ýokarda agzalan çig maly satyn almak boýunça halkara bäsleşik geçirildi we ýeňiji saýlanyp alyndy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we içerki hem-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürýän himiýa toplumlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen şertnamalary baglaşmak baradaky meseleleriň üstünde içgin işlemegi we soňra olary degişli düzümleriň garamagyna ibermegi tabşyrdy.