«Gartner» analitik kompaniýasynyň täze seljermelerine görä, tutuş dünýäde smartfonlaryň satuwy 295 milliona deň boldy. Bu barada şu ýylyň ikinji çärýegi boýunça hasabatlar taýýarlandy. Şol hasabatlardan görnüşi ýaly, üstümizdäki ýylyň hasabat döwründe geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, ykjam telefonlaryň söwdasy 20,4 göterim pese gaçdy. Degişli hasabat döwründe 5G ulgamly telefonlaryň satuwynyň artandygy mälim edildi.
Seljermelere laýyklykda, dünýäniň öňdebaryjy smartfon öndürijileriniň arasynda Koreýa Respublikasynyň «Samsung» kompaniýasynyň söwdasy has köp pese gaçdy. Bu ugurdaky görkeziji 27,4 göterime deň boldy. Muňa garamazdan, ýene-de «Samsung» kompaniýasy has köp ykjam telefon satdy. Kompaniýanyň satan ykjam telefonlarynyň sany 55 milliona deň boldy. Bu ugurda ikinji orun Hytaýyň «Huawei» kompaniýasyna degişli bolup, onuň söwdasy 54 milliona barabardyr. Üçünji orny eýeleýän, ABŞ-nyň dünýä belli hem-de paýnamalary esasynda bazar bahasy 2 trillion dollara deň bolan «Apple» kompaniýasy 38 million ykjam telefony satdy. Sanawda 4-nji we 5-nji orunlary degişlilikde Hytaýyň «Xiaomi» hem-de «OPPO» kompaniýalary eýeledi. Olaryň söwdasy 26 we 23 milliona deň boldy.