Gün batareýalary arkaly hereket edýän uçardan paraşýutly ilkinji böküş amala aşyryldy. 2 orunlyk uçar Şweýsariýanyň asman giňişligine göterildi. Bu uçaryň aýratynlykly tarapy onuň Gün energiýasyndan güýç almagydyr. Gün batareýalarynyň meýdany 22 inedördül metre deňdir. Uçarman Migel Iturmendi 1520 kilometr belentlige galan uçary dolandyrýan bolsa, inžener we alym Rafael Domjan paraşýut arkaly böküşi amala aşyrdy.
«SolarStratos» taslamasynyň inženerleriniň maksady uçary asman giňişliginiň stratosfera gatlagyna çykarmakdan ybaratdyr. 2020-nji ýylyň maý aýynda bu uçar bilen edilen synagda 8 kilometr belentlige ýetilipdi. Topar 2022-nji ýylda diňe Gün energiýasy bilen işleýän ýokary derejeli uçuşy amala aşyrmagy maksat edinýär we 20 müň metr belentlikdäki stratosfera ýetmek isleýär.
– Şu gün köp sanly birinjiligi başdan geçirdik. Ýöne iň möhümi, kimdir biriniň elektrik uçaryndan ilkinji gezek bökmegi boldy – diýip, «SolarStratos» taslamasynyň inženeri Rafael Domjan belläp geçdi.