Yl­my-bar­lag­la­ryň bar­şyn­da bel­li bol­şy ýa­ly, hor­lan­mak üçin aç ýat­mak hök­man däl­dir. Aç ýa­ty­lan­da bü­tin gi­je bir gap­dal­dan beý­le­ki gap­da­la öw­rü­lip dur­ma­ly bo­lýar ýa-da ýa­rym uky­da so­wa­dy­jy­nyň ýa­nyn­da uk­la­ma­ly bo­lýar. Ame­ri­ka­ly alym­lar giç agşamlar iý­len­de hem adam sag­ly­gy­na zy­ýan ýe­tir­me­ýän önüm­le­riň at­la­ry­ny mä­lim et­diler. Olar şol bir wagt­da adam­la­ryň hor­lan­ma­gy­na hem kö­mek ed­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, kä­bir önüm­ler hor­lan­mak işi­ni hem ama­la aşyr­ýar.
Mad­da çal­şy­gy­ny çalt­laş­dyr­ýan we şol bir wag­tyň özün­de gan da­mar­la­ry­ny giňeldýän we ýü­re­giň işleýşini ýo­kar­lan­dyr­ýan do­rag iý­mek örän peý­da­ly­dyr. Ag­şam­lyk na­ha­ry­ňy­za mag­niý, E wi­ta­mi­ni we se­le­ne baý bo­lan ho­zy goş­ma­gyň hem has go­wy pi­kir­di­gi bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Şeý­le hem ag­şam­la­ry­na mo­sa­rel­la peý­ni­ri­ni iý­mek hem mas­la­hat be­ril­ýär. Ol öz dü­zü­min­dä­ki be­lok we D wi­ta­mi­ni ar­ka­ly uky­ny go­wu­lan­dyr­ýar, im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär. Bu peý­ni­riň az muk­da­ry sag­ly­gy­ňy­za zy­ýan ber­me­ýär. Mun­dan baş­ga-da, tä­ze gü­ne bu peý­nir bi­len baş­la­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Luk­man­lar to­fu – so­ýa­ly peý­ni­ri hem ag­şa­my­na iý­me­gi mas­la­hat ber­ýärler. Ol hem kal­siý we de­mir ýa­ly peý­da­ly mi­ne­ral­la­ra baý­dyr.