Iri şä­her­ler­de ila­tyň art­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­kýan ýol dyk­ny­şy­gy göw­rü­mi has ki­çi ulag­la­ra bo­lan is­le­gi ýo­kar­lan­dyr­ýar. Şeý­le bo­lan­soň aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­lar göw­rü­mi has ki­çi ulag­lar bi­len bir ha­tar­da we­lo­si­ped­le­riň we sa­mo­kat­la­ryň önüm­çi­li­gi­ne hem üns be­rip baş­la­dy­lar. Kuw­wat­ly aw­tou­lag­la­ry ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan «Je­ep» kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän il­kin­ji we­lo­si­pe­di­ni sa­tu­wa çy­kar­dy. Edil «Je­ep» ma­şyn­la­ry ýa­ly ýol­suz ýer­den sür­mä­ge ni­ýet­le­nen we­lo­si­pe­diň ba­ha­sy­ 5,900 dol­la­ra deň. Ba­zar­da­ky beý­le­ki we­lo­si­ped­ler­den has gym­mat hem bol­sa, ýo­ka­ry teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­bat­da ta­pa­wut­lan­ýar. Iki ti­gir­li ulag­da «Ba­fang Ult­ra» elekt­rik mo­to­ry otur­dy­lýan iki he­re­ket­len­di­ri­ji­niň kuw­wa­ty 1600 wat­ta ba­ra­bar bo­lup, in­li ti­gir­le­ri we ösen amor­ti­za­si­ýa ul­ga­my is­len­dik ýol şert­le­rin­de sü­rü­ji­niň ra­hat­ly­gy­ny üp­jün ed­ýär. Öň­ki we yz­ky ti­gir­le­ri disk­li du­ru­zy­jy­lar bi­len üp­jün edi­len we­lo­si­ped do­ly ba­ta­re­ýa bi­len 64 km ýol geç­ýär. «Je­ep» bren­di bi­len sa­tyl­sa-da we­lo­si­ped­de «Je­ep»-iň öz ön­dü­ren hiç hi­li şaý-se­pi ýok. Daş­ky gur­şaw üçin zy­ýan­syz ulag­da­ky en­jam­la­ry we beý­le­ki şaý-sep­le­ri «Quiet­Kat» kom­pa­ni­ýa­sy ön­dü­rip­dir.