Ek­wa­dor­ly Hu­lio Se­zar Mo­ra hem-de Wald­ra­mi­na Kin­te­ros maş­ga­la­ gu­ran­la­ryn­dan soň­ra, iň köp ýa­şa­şan är-aýal hök­mün­de yk­rar edi­lip, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Aýa­ly 110 ýa­şyn­da, äri bol­sa, 104 ýa­şyn­da bo­lan jü­büt­ler he­ni­zem bi­ri-bi­ri­niň el­le­ri­ni berk gy­syp, bi­ri-bi­ri­ne mä­hir­li ga­ra­ýar­lar. Hu­lio­nyň do­ga­nog­la­ny o­la­ry 1934-nji ýyl­da ta­nyş­dyr­ýar. Ola­ryň dost­lu­gy gys­ga wagt­da çyn söý­gä öw­rül­ýär. Ýaş­lar 1941-nji ýyl­da dur­muş gur­ýar­lar. Hu­lio we Wald­ra­mi­na bü­tin öm­rün­de mek­dep­de mu­gal­lym bo­lup iş­le­di­ler. Ola­ryň hä­zir 5 per­zen­di, 11 ag­ty­gy, 21 çow­lu­gy hem-de 9 ýuw­lu­gy bar.
– Biz hiç ha­çan bi­ri-bi­ri­mi­ziň göw­nü­mi­ze deg­me­dik, hiç ha­çan bi­ri-bi­ri­miz­den aý­ra bol­ma­dyk. Dog­ru­sy, beý­le zat­lar hiç ha­çan kel­lä­mi­ze-de gel­me­di. Söý­gi, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, är-aýa­lyň kä­mil­li­ge ym­tyl­ma­gy maş­ga­la bag­ty­nyň aça­ry­dyr – di­ýip, olar bel­le­ýär­ler.