Saud Arabystanynyň Energetika ministri Abdel Aziz ben Salman Al Saud nebit-gaz ýataklarynyň ikisiniň tapylandygyny habar berdi. Hadat al-Hajra gaz ýatagy al-Jawf sebitinde, Abrak al-Talul nebit ýatagy bolsa, demirgazykdaky al-Hududud al-Şamaliýa sebitinde ýüze çykaryldy.
– Bu ýataklar «Saudi Aramco» milli nebit kompaniýasy tarapyndan tapyldy. «Saudi Aramco» bu iki ýatakdaky nebit, gaz we kondensat gorlarynyň meýdanyny we göwrümini kesgitlemek maksady bilen buraw işleriniň birnäçesini geçirer – diýip, ministr belledi. «Saudi Aramco» kompaniýasy nebit çykarmagyň görkezijileri we eýelik edýän nebit gorlarynyň mukdary boýunça dünýädäki iň uly nebit kompaniýasydyr.