Duşenbe güni “Samsung Electronics” kompaniýasy “Verizon” bilen 6,64 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Şertnamanyň esasynda koreý kompaniýasy dünýäniň esasy telekommunikasiýa şereketini öňümizdäki bäş ýylyň dowamynda 5G tehnologiýasy bilen üpjün eder. Bu geleşik Koreýa Respublikasynyň telekommunikasiýa senagatynyň iň ýokary eksport ylalaşygy bolup durýar.

AT&T we “Sprint” kompaniýalary bilen bir hatarda hyzmatdaşlarynyň sanawyna “Verizon”-y hem goşan “Samsung Electronics” ABŞ-nyň telekommunikasiýa bazarynda ýerini mäkämleşdirdi.