9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu waka ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrdy, energetika pudagynyň kärhanalaryny tehnika we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, giň görnüşli nebithimiýa önümlerini öndürýän döwrebap düzümi, ylma esaslanýan önümçilikleri döretmek onuň esasy ugurlary bolup durýar.

TNGIZT-de gu­rul­ýan gaz tur­bi­na­ly ener­gi­ýa des­ga­la­ry «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny 2030-njy ýy­la çen­li ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da bi­na edil­ýän tä­ze des­ga­la­ry elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün et­mä­ge ýar­dam be­rer.
Bu ugur­da bel­le­ni­len me­ýil­na­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy se­bit­le­ri se­na­gat­laş­dyr­ma­gyň, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­gyň dep­gin­le­ri­ni güýç­len­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Bu­la­ryň äh­li­si mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, türk­men hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­na hyz­mat eder.
…Ir bi­len da­ba­ra­nyň ge­çi­ril­jek ýe­rin­de baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy eme­le gel­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aw­tou­la­gy gur­lu­şyk meý­dan­ça­sy­nyň ýa­nyn­da sak­lan­ýar. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gu­ra­lan aý­dym-saz we tans çy­kyş­la­ry bu gün­ki wa­ka aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­ba­ra gat­naş­ýan­la­ryň we myh­man­la­ryň ýyg­na­nan bi­na­sy­na bar­ýar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de çy­kyş edip, «Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ýyl­da ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 29 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň öň­ýa­nyn­da ge­çi­ril­ýän şu gün­ki mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka – Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da tä­ze des­ga­la­ryň düý­bü­niň tu­tul­ma­gy bi­len hem­me­le­ri tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.
Bil­şi­miz ýa­ly, bi­ziň gü­neş­li Di­ýa­ry­myz te­bi­gy baý­lyk­la­ra örän baý ýurt, şol baý­lyk­la­ry il-ýur­du­my­zyň bäh­bi­di­ne ne­ti­je­li ulan­mak üçin biz köp iş­le­ri ama­la aşyr­ýa­rys. Hä­zir­ki dö­wür­de bu ugur­da ne­ti­je­li geo­lo­gi­ýa-göz­leg iş­le­ri­ni ge­çir­mek, ne­bit­li we gaz­ly ýa­tak­la­ry göz­läp tap­mak mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Eg­sil­mez te­bi­gy baý­lyk­la­ry­my­zy se­na­gat taý­dan öz­leş­dir­mek, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni da­şar­ky ba­zar­la­ra iber­me­gi hä­zir­ki za­man şert­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mek döw­rüň ta­la­by­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.
Önüm­çi­li­gi döw­re­bap en­jam­laş­dyr­mak bi­len in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, bäs­le­şi­ge ukyp­ly önüm­le­riň möç­be­ri­ni hem-de gör­nüş­le­ri­ni has-da art­dyr­mak, önüm­çi­lik tap­gyr­la­ryn­da eme­le gel­ýän ugur­daş gaz­la­ry ne­ti­je­li ula­nyp, olar­dan dün­ýä ba­zar­la­ryn­da geç­gin­li ha­ryt­la­ry ön­dür­mek döw­le­ti­miz üçin örän peý­da­ly­dyr. Ne­ti­je­de, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa önüm­çi­lik ul­ga­my­ny dö­ret­mek ýur­du­my­za hem­me­ta­rap­la­ýyn bäh­bit­li­dir.
Şu we­zi­pe­ler­den ugur alyp, biz ýur­du­my­zyň se­na­gat mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­ýän Bal­kan we­la­ýa­ty­ny hem top­lum­la­ýyn esas­da ös­dür­ýä­ris. Amat­ly geo­lo­gi­ýa we ge­og­ra­fi­ýa şert­le­ri­mi­ze esas­la­nyp, se­bit­de te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ni­ýet­le­nen iri se­na­gat tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris.
Bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, hormatly Prezidentimiz da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň ha­sa­by­na gur­lup, ula­nyl­ma­ga ber­len Gy­ýan­ly­da­ky po­li­mer hem-de «Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid» za­wod­la­ry­ny my­sal ge­tir­di.
Bu za­wod­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň se­na­gat taý­dan ösen ýur­da öw­rül­ýän­di­gi­niň anyk my­sa­ly­dyr. Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­mek ba­bat­da alyp bar­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri­mi­ziň ýe­ne-de bir aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz nyg­ta­dy.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň, şol san­da Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň öňün­de hem be­lent we­zi­pe­ler go­ýul­dy. Bu we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek, şeý­le hem tä­ze teh­no­lo­gik des­ga­la­ry gur­mak, abat sak­la­mak we bök­denç­siz iş­let­mek mö­hüm bo­lup dur­ýar.
Biz şu we­zi­pe­ler­den ugur alyp, hä­zir za­wod­lar top­lu­myn­da tas­la­ma kuw­wa­ty 70 MWt/sa­gat bo­lan iki sa­ny tä­ze gaz­tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na we he­re­ket ed­ýän elekt­rik be­ke­di­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri­ne ba­dal­ga ber­ýä­ris.
Za­wod­lar top­lu­my üçin mö­hüm äh­mi­ýe­ti bol­jak bu des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň «Ça­lyk Ener­ji» kom­pa­ni­ýa­sy ama­la aşy­rar. Tä­ze des­ga­lar Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň öň­de­ba­ry­jy kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len örän kä­mil en­jam­lar bi­len üp­jün edi­lip, 18 aýyň do­wa­myn­da ulan­ma­ga do­ly taý­ýar edi­lip tab­şy­ry­lar.
Bu tä­ze des­ga­la­ryň gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi za­wod­lar top­lu­myn­da ozal he­re­ket edip gel­ýän hem-de ýo­kar­da ag­za­lan Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lyp, gel­jek­de işe gi­ri­zil­jek teh­no­lo­gik des­ga­la­ry elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üz­nük­siz hem-de yg­ty­bar­ly üp­jün et­mä­ge ýar­dam eder di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.
Şo­la­ryň bi­ri hem hä­zir­ki dö­wür­de za­wod­lar top­lu­myn­da gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan Ha­ýal koks­lan­dyr­ma we gud­ro­nyň de­as­fal­ti­za­si­ýa des­ga­sy­dyr. Bu des­ga­nyň işe gi­ri­zil­me­gi ne­bi­ti düýp­li gaý­ta­dan iş­le­me­giň hi­li­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň, ben­zi­niň, di­zel ýan­gy­jy­nyň we ne­bit kok­su­nyň ze­rur möç­ber­le­ri­ni ön­dür­mä­ge we goş­ma­ça iş orun­la­ry­ny dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.
Şu­lar ýa­ly mö­hüm tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ri­len­de biz eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na, önüm­çi­li­ge ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­ga uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris di­ýip, hor­mat­ly Prezidentimiz bel­le­di.

Hut şu­nuň ne­ti­je­sin­de, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ry­myz bi­len bi­le­lik­de gur­ýan iri se­na­gat, ne­bit­gaz we hi­mi­ýa önüm­çi­lik­le­ri­miz ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ne my­na­syp bol­ýar. Bu des­ga­lar in­no­wa­si­on çöz­güt­le­re we eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi ba­ra­da­ky gü­wä­na­ma­la­ry al­ýar. Mu­nuň özi, el­bet­de, bi­ziň üçin örän buý­san­dy­ry­jy ýag­daý­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýyg­na­nan­la­ry şu gün­ki şat­lyk­ly wa­ka – Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň dü­zü­min­de tä­ze des­ga­la­ryň düý­bü­niň tu­tu­lyp, gur­lu­şy­gy­na we he­re­ket ed­ýän elekt­rik be­ke­di­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi bi­len ýe­ne-de bir ge­zek gut­la­dy, hem­me­le­re berk jan sag­lyk, uzak ömür, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­rin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Soň­ra «Ça­lyk Hol­ding» kom­pa­ni­ýa­lar to­pa­ry­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Ah­met Ça­ly­ga söz be­ril­di. Işe­wür hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze şu şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li da­ba­ra hut özü­niň gat­naş­ýan­dy­gy üçin çuň­ňur ho­şal­lyk bil­di­rip, öz ýol­baş­çy­lyk ed­ýän kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýur­du­my­zyň elekt­rik ener­ge­ti­ka­sy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ra gat­naş­ýan­dy­gy­na buý­san­ýan­dy­gy­ny bel­läp, bu tä­ze tas­la­ma­ny bel­le­ni­len möh­le­tin­de ta­mam­la­mak üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­di­gi­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi ynan­dyr­dy.
Soň­ra «Lu­koýl» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň (Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy) ýol­baş­çy­sy Wa­git Alek­pe­row çy­kyş edip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze myh­man­sö­ýer türk­men top­ra­gy­na ge­lip gör­mä­ge dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­dir­di.
Iş­läp gel­ýän ýyl­la­ry­nyň do­wa­myn­da «Lu­koýl» kom­pa­ni­ýa­sy öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­ri, bi­lim­le­ri we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, şol san­da Ha­zar ýal­pak­ly­gy­ny öz­leş­dir­mek­de tej­ri­be­le­ri top­la­dy we Türk­me­nis­ta­nyň se­na­gat kuw­wa­ty­ny güýç­len­dir­mä­ge ýar­dam et­jek öza­ra bäh­bit­li tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny bel­le­di.
Soň­ra bu ýe­re ýyg­na­nan­la­ra Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň hem-de Ha­zar se­bi­ti­niň örän iri se­na­gat kär­ha­na­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da my­na­syp orun eýe­le­ýän Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň önüm­çi­lik müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len gys­ga­ça ta­nyş­dyr­ýan wi­deo­film gör­ke­zil­di.
Wi­deo­film ta­mam­la­nan­dan soň, mil­li ly­bas ge­ýen mek­dep okuw­çy­la­ry sah­na çyk­ýar­lar. Olar hormatly Prezidentimizi joş­gun­ly gar­şy­la­ýar­lar, milli Liderimize berk jan sag­lyk, kö­pu­gur­ly iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­ler ar­zuw ed­ýär­ler. Döw­let Baştutanymyz ça­ga­la­ryň ha­ýy­şy bo­ýun­ça şu gün­ki şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li gel­jek­ki ne­sil­le­re ýüz­le­ni­len ýa­dy­gär­lik ýaz­ga gol çek­ýär hem-de ony ýö­ri­te gu­ta ýer­leş­dir­ýär.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň tä­ze ener­gi­ýa des­ga­la­ry­nyň düý­bü­niň tu­tul­ýan ýe­ri­ne gel­ýär. Tol­gun­dy­ry­jy pur­sat ge­lip ýet­ýär – ýyg­na­nan­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gel­jek­ki bi­na­la­ryň bin­ýa­dy­na türk­me­nis­tan­ly­la­ryň gel­jek­ki ne­sil­le­ri­ne ýüz­le­ni­len ýö­ri­te gu­ty­ny goý­ýar.
Eme­le ge­len asyl­ly dä­be gö­rä, milli Liderimiz tä­ze des­ga­nyň bin­ýa­dy­na pil bi­len il­kin­ji be­to­ny gu­ýup, gur­lu­şy­ga ba­dal­ga ber­ýär, mu­nuň özi ýyg­na­nan­lar ta­ra­pyn­dan ägirt uly joş­gun we şat­lyk bi­len ka­bul edil­ýär.
Ne­bit­gaz se­na­ga­ty ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň ägirt uly gor­la­ry­na eýe bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­ga we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­ma­ga uly ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär.
Yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň soň­ky ga­za­nan­la­ry­nyň, öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we en­jam­la­ryň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de pu­da­gyň in­no­wa­si­ýa ösü­şi üp­jün edil­ýär, bi­ziň ýur­du­my­zyň dün­ýä­dä­ki ener­ge­ti­ka döw­le­ti hök­mün­dä­ki or­ny ber­ki­dil­ýär.
Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da hormatly Prezidentimiz hem­me­le­ri şu gün­ki şan­ly wa­ka bi­len ýe­ne bir ge­zek gut­lap, olar bi­len mä­hir­li hoş­laş­dy hem-de Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne ba­ryp, bu ýer­den paý­tag­ty­my­za ug­ra­dy.