ABŞ-nyň sy­ýa­hat bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy saý­ty «Tri­padvisor» Du­ba­ýyň «Çö­le sa­par» at­ly iň meş­hur ge­ze­lenç­le­ri­niň bi­ri­ne ýo­ka­ry ba­ha be­rip, ony «göw­nü­ňi aç­mak» ug­ry bo­ýun­ça il­kin­ji orun­da goý­dy. Bu ba­ra­da Du­ba­ýyň Sy­ýa­hat­çy­lyk we tä­jir­çi­lik mar­ke­tin­gi bö­lü­mi (Du­bai Tou­rism) ha­bar ber­di. «Çö­le sa­par» BAE gel­ýän köp san­ly myh­man­la­ryň ara­syn­da uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Ol ür­gün çä­ge­li alaň­la­ryň ara­syn­da ulag­ly sy­ýa­ha­ty, dü­ýe­li ýö­riş­le­ri we ga­dy­my ker­wen­sa­ra­ýy ýa­dy­ňa sal­ýan go­nal­ga­lar­da dynç alyş­la­ry öz içi­ne al­ýar.
Şeý­le­lik­de, dün­ýä­niň sy­ýa­hat­çy­lyk bo­ýun­ça iň uly mag­lu­mat çeş­me­le­ri­niň bi­ri «Tri­padvisor» saý­ty sy­ýa­hat­çy­la­ryň soň­ky bir ýy­lyň için­dä­ki mil­li­on­lar­ça syn­la­ry­na we be­ren ba­ha­la­ry­na esas­la­nyp, «Çö­le sa­pa­ry» dün­ýä­niň iň go­wy ge­ze­lenç­le­ri­niň ara­syn­da öň­dä­ki orun­da goý­dy. Sy­ýa­hat­çy­lar şeý­le ge­ze­len­ji Azat­lyk heý­ke­li­ne çyk­mak­dan ýa-da Nia­ga­ra şag­la­wu­gy­na sy­ýa­hat et­mek­den has gy­zyk­ly ha­sap­lap­dyr­lar.
– Bi­ziň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­myz­da dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­lip, bu hö­dür­le­ýän sy­ýa­hat­la­ry­my­zyň dür­li-dür­lü­di­gi­niň yk­rar­na­ma­sy­dyr. Bu de­re­je di­ňe bir Du­ba­ýyň dün­ýä­de iň köp ba­ryl­ýan şä­her­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de or­nu­ny ber­kit­män, eý­sem, hal­ka­ra sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň aky­my­ny art­dyr­mak ba­ra­da­ky mak­sat­na­ma­my­zyň iler­le­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär – di­ýip, Du­ba­ýyň Sy­ýa­hat­çy­lyk we tä­jir­çi­lik mar­ke­tin­gi kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň baş di­rek­to­ry Is­sam Ka­zim bel­le­di.
«Ocea­nA­ir Travels»-iň baş di­rek­to­ry Ýa­sem Al-Şeh­hi, hä­zir­ki wagt­da kom­pa­ni­ýa­nyň dur­nuk­ly sy­ýa­hat­çy­ly­ga we daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len tä­ze tas­la­ma­la­ry hö­dür­le­me­gi me­ýil­leş­dir­ýän­di­gi­ni, çün­ki mu­nuň Du­ba­ýyň sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­ny has-da ös­dür­mek üçin, esa­san hem, 2021-nji ýyl­da ge­çi­ril­jek EXPO Bü­tin­dün­ýä ser­gi­si­ne taý­ýar­lyk gö­rül­ýän dö­wür­de ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­di­gi­ni aýt­dy.
«Ocea­nA­ir Travels» ta­ra­pyn­dan gur­nal­ýan çä­re­le­riň äh­li­si, dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar na­za­ra al­nyp, Du­ba­ýyň myh­man­la­ry­nyň sag­ly­gy­ny we howp­suz­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça tes­wir­na­ma la­ýyk­lyk­da, ama­la aşy­ryl­ýar.
Şeý­le hem, go­laý­da ana­li­tik çeş­me «Visual Capi­ta­list» Du­ba­ýy 2020-nji ýy­lyň iň meş­hur 100 şä­he­ri­niň sa­na­wyn­da 7-nji orun­da goý­dy.