Hy­ta­ýyň gaý­ta­dan ula­nyl­ýan kos­mos gä­mi­si sy­nag uçu­şy­ny ta­mam­la­p, bel­le­ni­len ýe­re üs­tün­lik­li gon­dy. Hy­ta­ýyň Gan­su we­la­ýa­tyn­da­ky Szýus­ýu­an kos­mos mer­ke­zin­den 4-nji sent­ýabr­da älem gi­ňiş­li­gi­ne uçu­ry­lan kos­mos gä­mi­si iki gün or­bi­ta­da bol­dy. Bu kos­mos gä­mi­si «Çanç­žen-2F» gö­te­ri­jii ra­ke­ta­sy ar­ka­ly as­man gi­ňiş­li­gi­ne çy­ka­ryl­dy. Hy­ta­ýyň «Sin­hua» ha­bar­lar agent­li­gi uçu­şyň üs­tün­lik­li ta­mam­lan­ma­gy­ bi­len yl­my-bar­lag iş­le­ri­nde uly ösüş ga­zan­y­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di. «Gaý­ta­dan ula­nyl­ýan kos­mos gä­mi­si bo­ýun­ça Hy­ta­ýyň teh­no­lo­gi­ýa sy­nag­la­ryn­da bu uçuş mö­hüm öňe­gi­diş­lik­dir. Bu bol­sa, kos­mo­sy pa­ra­hat­çy­lyk­ly mak­sat bi­len ulan­ma­gyň has amat­ly we ar­zan ýo­lu­ny üp­jün eder» diý­lip, agent­li­giň ha­ba­ryn­da bel­le­nil­ýär.
Hytaý üç ýyl mun­dan ozal 2020-nji ýyl­da uça­ra ky­bap­daş gaý­ta­dan ula­nyl­jak kos­mos gä­mi­si­ni uçur­jak­dy­gy­ny ha­bar be­rip­di. Gaý­ta­dan ula­nyl­ýan kos­mos gä­mi­si uçuş­dan gaý­dyp ge­len­den soň gaý­ta­dan ulan­mak üçin ni­ýet­le­nen­dir. Mu­ňa my­sal hök­mün­de ABŞ-nyň «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­na de­giş­li bo­lan «SpaceX Dra­gon»-y gör­kez­mek bo­lar. 2010-njy ýy­lyň de­kab­ryn­da­ il­kin­ji uçu­şyn­y ama­la aşy­ran «Dra­gon» or­bi­ta­dan üs­tün­lik­li do­la­nyp ge­lip­di. Tä­jir­çi­lik mak­sat­ly gur­lan bu kos­mos gä­mi­si gaý­ta­dan ula­nyl­ýan il­kin­ji kos­mos gä­mi­si bo­lup­dy.