Käbir güller Gün batyp garaňky düşensoň ýapylýar. Şeýle ösümlikler gije bilen gündiziň ýylylyk tapawudynyň köp ýerinde ösýärler. Şeýle bolansoň, ösümlik gülüni agşamyň salkyn howasyndan goramak üçin ýapýar. Mundan başga-da, gündizine ýapylýan, gijesine açylýan güller hem bolýar. Bu ösümlikler Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin gündizine ýapylýar.