Özüňizi synaň!
Siz hem gü­nüň do­wa­myn­da he­re­ket­de bol­ýan wag­ty­ňy­zy öl­çäp gö­rüň! Mu­nuň üçin gü­nüň do­wa­myn­da ir­den­den ag­şa­ma çen­li eden iş­le­ri­ňi­zi bel­lik ediň! Gü­nüň nä­çe wag­ty­ny oku­wa, ek­ra­na (te­le­wi­zor, te­le­fon, komp­ýu­ter) we oý­na­ma­ga sarp edip­si­ňiz? Ek­ra­nyň ba­şyn­da ge­çi­ren wag­ty­ňy­zy hem ikä bö­lüň – peý­da­ly gep­le­şik­ler (bi­lim, öw­re­di­ji) we güý­men­je.
In­di bu san­la­ra se­re­dip, aşak­da­ky so­wal­la­ra jo­gap be­riň:
a) Ek­ra­nyň öňün­de pi­kir edi­şi­ňiz­den has köp wagt sarp ed­ýär­si­ňiz­mi?
b) Here­ket­de bo­lan wag­ty­ňyz pi­kir edi­şi­ňiz­den has köp­mi?
ç) Ek­ra­nyň öňün­de ge­çi­ri­len wagt bi­len hereketli wag­tyňyzyň ara­syn­da nä­çe­räk ta­pa­wut bar?
d) Here­ket ed­ýän wag­ty­ňyz ýe­ri­ne ýe­ti­ren iň go­wy iş­le­ri­ňiz haý­sy­lar?
Bu sy­na­gy bir­nä­çe gün ge­çi­rip, ek­ra­nyň öňün­de ge­çi­ril­ýän wagt bi­len he­re­ket ed­ýän wag­ty­ňy­zyň üýt­gäp-üýt­ge­me­ýän­di­gi­ne se­re­diň! Şeý­le hem, öý­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li ada­ty iş­ler (my­sal üçin, öý iş­le­rin­de ene-ata­la­ry­ňy­za kö­mek­leş­mek) üçin hem nä­çe wagt sarp ed­ýä­ndi­gi­ňi­zi ha­sap­laň!
Ek­ra­nyň öňün­de däl wag­ty­ňyz nä­me et­me­gi ha­la­ýar­sy­ňyz? Bu so­wa­la jo­gap be­re­ni­ňiz­den soň­ra, bu iş­le­riň haý­sy­na nä­çe wagt sarp ed­ýän­di­gi­ňi­zi de­ňeş­di­rip gö­rüň!