Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyz gülleýär, gül açýar. “Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany” ýyly diýip atlandyrylan bu ýylda ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Halkymyz, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylyk toýuny uly ruhubelentlik bilen garşylaýar. Baýramçylygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň neşir edilmegi bilim işgärleriniň hem-de biz talyp ýaşlary diýseň begendirdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda biziň Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş Uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň başlygy, uniwersitetiň mugallymlary, talyplary çykyş etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly täze kitabynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli halkymyz üçin gymmatly serpaý bolandygyny buýsanç bilen bellediler. Täze kitabyň içinden watanperwerlik, milli mirasa bolan söýgi eriş-argaç bolup geçýär. “Bu ýörelge bize pederlerimizden has uzak döwürlerden, ýagny Oguzhandan geçip gelýän ýörelge, biz geçmişden gelýän şol ýörelgäniň hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýändigine buýsanýarys” diýip, dabara gatnaşanlar belläp geçdiler. Täze kitap 12 bölümden ybarat bolup onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeleri barada giňişleýin söhbet açylýar. Ýokary çaphana derejesinde neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Dabara gatnaşanlar täze kitabynyň many mazmuny terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň edip milli Liderimiziň şeýle kitaplarynyň dowamly bolmagyny arzuw etdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak ýörelgeleriniň çuňňur öwrenilmegine olaryň wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýänligi hem-de ýurdumyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk güni mynasybetli halkymyza gowşuran sowgady üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Begenç Pürjäýew,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.