2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-11 aralygynda geçirilen ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji komitetiniň ikinji nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasy kabul edildi.
ÝUNISEF-iň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň altynjy maksatnamasynyň baş wezipesiniň biri, BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna we Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda çagalaryň hukuklaryna hormat goýmak, goramak we amala aşyrmak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň hökümetine goldaw bermek bolup durýar.
Täze ýurt maksatnamasy dört ugurda, ýagny çagalar üçin dolandyryş; çaganyň saglygy, iýmitlenmegi we irki ösüşi; çaganyň goragy; we ýokary hilli bilim ýaly ugurlarda netije gazanmagy maksat edinýär.