“Apple” kompaniýasynyň güýzki önüm tanyşdyrylyş dabarasy bu ýyl 15-nji sentýabrda geçirildi. Dünýäniň ähli ýerindäki “almanyň” muşdaklaryny onlaýn platformada bir ýere jemlän kompaniýa akylly sagatlarynyň we planşetleriniň täze görnüşlerini, şeýle hem onlaýn hyzmatlarynyň kämilleşdirilen goşundylaryny köpçülige hödürledi. Howanyň üýtgemegine garşy göreşe ygrarlydygyny öňe sürýän “Apple” kompaniýasy enjamlarynda 100 göterim gaýtadan işlenen önümleri ulanýandygyna ünsi çekdi.
20% çalt işleýän “Apple Watch Series 6”
“Apple Watch Series 6” akylly sagadynyň esasy aýratynlygy gandaky kislorodyň derejesini ölçemäge niýetlenen sensorlardyr. Bu sensorlar gan öýjükleriniň tutuş bedene ýaýradýan kislorodynyň dykyzlyk göterimini gözegçilikde saklamaga mümkinçilk berýär.
Sagadyň programma üpjünçiligine ýerleşdirilen “Family Setup” aýratynlygy, maşgalada “iPhone” ulanmaýan çagalardyr ýaşulylaryň “Series 6”-nyň aýratynlyklyryndan doly peýdalanmaga şert döredýär.
“Series 6” modelindäki goşa prosessor “iPhone 11” smartfonlarynda ulanylan “A13 Bionic” tehnologiýasynyň binýadynda kämilleşdirilipdir. “Täze akylly sagat öňki modellerine garanyňda 20 göterim çalt işleýär” diýlip, “Apple”-iň beýanatynda aýdylýar.
Gök, gyzyl, çal we altynsow reňklerde öndürilýän “Apple Watch Series 6” akylly sagatlary 18-nji sentýabrda 399 we 499 dollardan satuwa çykaryldy.
Çäräniň dowamynda akylly sagatlaryň has amatly görnüşi bolan “Apple Watch SE” modeli bilen hem tanyşdyryldy. 279 we 329 dollardan satuwa çykarylan “Watch SE”-niň “Apple Watch Series 3” akylly sagadyndan iki esse çalt işleýändigi aýdylýar.
“Apple”-iň dolandyryjylaryndan Jef Williamsyň aýtmagyna görä, “Watch SE” sagady “Series 6”-da ulanylan dizaýny “Apple” sagatlaryna mahsus iň esasy aýratynlyklar bilen birleşdirýär.
Täze “iPad”-ler
Onlaýn çärede “Apple” täze “iPad”-leriniň ikisi bilen tanyşdyrdy: sekizinji nesil adaty “iPad” we 10,9 dýuýmlyk “iPad Air”.
“A12 Bionic” prosessor ýerleşdirilen adaty “iPad” 329 we 459 dollar baha aralygy bilen satuwa çykaryldy. “iPadOS 14” dolandyryş ulgamy bilen bazara goýberilen 10,2 dýuýmlyk planşetiň 40 göterim çalt işleýändigi aýdylýar.
Dabarynyň iň gymmat önümi bolan “iPad Air” bäş tapawutly reňkde öndürilipdir. 12 megapiksellik kamera ýerleşdirilen täze planşetde “Apple”-iň häzirki wagta çenli iň güýçli prosessory bolan “A14 Bionic” hereket edýär.
Oktýabrdan başlap, satuwa çykaryljak “iPad Air”-iň bahasy 599-729 dollar aralygynda üýtgär.
“Apple” hyzmatlarynyň ählisi “bir” ýerde
Tanyşdyrylyş agşamynyň iň görnükli täzelikleriniň biri hem “Apple One” hyzmatydyr. Bu platforma kompaniýanyň “Apple Music”, “Apple TV+”, “Apple Arcade”, “Apple News+”, “Apple Fitness+” we “iCloud” ýaly ähli abuna hyzmatlaryny bir ýere jemleýär. “Apple”-iň muşdaklary diňe “One”-a agza bolmak arkaly ýokaryda agzalan onlaýn hyzmatlaryň ählisinden peýdalanmaga mümkinçilik tapar. “Apple One” üç aýry nyrh meýilnamasy boýunça müşderilere hödülenýär: “Individual”, “Family” we “Premier”. Bu meýilnamalaryň aýlyk tölegi 14,95-29,95 dollar aralygynda üýtgemek bilen, hyzmatlaryň göwrümi taýdan bir-birinden tapawutlanýar. Güýz möwsüminden başlap, “Apple One”-yň “Individual” we “Family” nyrh meýilnamalary dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda elýeter bolar.