Şwesiýanyň “Wallenius Marine” atly kompaniýasy “Oceanbird” atly äpet gäminiň dizaýnyny taýýarlady. Uzynlygy 200 metre, ini 40 metre we ýelkeniniň uzynlygy 80 metre barabar boljak gäminiň daşky gurşawa örän az zyýan ýetirjekdigi mälim edildi. Ýük gatnawy üçin niýetlenen äpet ulaga 7 müň awtoulag sygar. 2024-nji ýylda taýýar boljak suw ulagynyň howa iberýän kömürturşy gazy özi bilen deňeçer gäminiňkide 90 göterim az bolar. Aerodinamikasy gowulandyrylan gäminiň motory ýeliň güýjünden has köp peýdalanar. BMG-niň Halkara Deňizçilik Guramasy 2030-njy ýyla çenli halkara deňiz gatnawynda ýüze çykýan kömürturşy gazyny 40 göterim azaltmagy maksat edinýär.
Merkezi edarasy Stokgolmda ýerleşýän kompaniýa bu gäminiň 6 metrlik nusgasyny synagdan geçirdi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Per Tunell halkara ýük gatnawynyň 90 göteriminiň deňizler arkaly amala aşyrylýandygyna ünsi çekip, ýeliň ummandaky gatnaw üçin esasy energiýa çeşmesi bolup durýandygyny belleýär. “Oceanbird” gämisi üçin indiki ýylyň ahyrynda sargyt kabul edip başlanjakdygy habar berildi.