Golaýda «Apple» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasynyň pese gaçmagy bilen nebit-gaz pudagynda iş alyp barýan «Saudi Aramco» dünýäniň iň gymmat kompaniýasyna öwrüldi. Munda nebit-gaz kompaniýasynyň paýnamalarynyň 1,1 göterim gymmatlamagynyň hem täsiri boldy. Häzirki wagtda bu iki kompaniýanyň gymmaty deňeçer bolup, arasynda örän az tapawut bar. Häzire çenli bazar bahasy iki trillion dollardan geçen diňe şu iki kompaniýa bar. Doly ady «Saudi Arabian Oil Company» bolan «Saudi Aramco» geçen ýylyň dekabr aýynda öz paýnamalarynyň belli bir bölegini satuwa çykarypdy. Şonuň yzýany bolsa, bazar bahasy iki trillion dollardan geçipdi. Bu barada «Bloomberg» neşiri habar berýär. «Apple» kompaniýasy bolsa, şu ýylyň iýulynda 2 trillion dollar sepgidinden geçipdi.